Sagdyn ekologiýa — sagdyn ýaşaýyş

26 Awgust 2021
1489

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri daşky gurşawy goramakdan, tebigata aýawly çemeleşmekden, geljekki nesiller üçin onuň baýlyklaryny gorap saklamakdan, türkmen halkynyň durmuşynyň oňaýly şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmakdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň esasy mazmuny bu ugurda degişli halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, şeýle-de jemgyýetiň ruhy-ahlak terbiýesini ýokarlandyrmakdan, raýatlarda daşky gurşawa eýeçilik gözi bilen garamagyň medeniýetini, tebigata jogapkärçilikli çemeleşmek duýgusyny kemala getirmekden ybaratdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär, degişli kanunçylyk binýady kämilleşdirilip, türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleri döwlet goraghanasy hökmünde ygtybarly goralýar. Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlykda işjeň orny eýelemek bilen, tebigaty goramak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy. Bu günki gün ýurdumyz biologik köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakynda BMG-niň degişli konwensiýalaryny, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny hem-de howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Diýarymyzda agzalan ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýolly NEPESOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniňAhal welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar