Türkmenistan — bagy-bossan

26 Awgust 2021
1595

Gojaman Köpetdagyň ýaşyl begrese beslenen baýrynda birgeňsi bolup oturan birgiden baglardan ybarat tokaý zolaklaryny göreniňde, göwnüň göterilýär. Şol pursat halkymyzda sogaply iş hasaplanylýan bag ekmek işini ählihalk işine öwren hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alyp barýan asylly we döwletli işleriniň ýerine düşýändigine bolan buýsançly duýgular kalbyňy gaplap alýar. Alymlaryň kesgitlemegine görä, tokaýlar tomsuna gyzgynlygy 8,5 gradusa çenli azaldyp, gyşyna ýylylygy 2,8 gradusa çenli artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi bilen, mähriban Diýarymyzy gurşap alýan tokaý zolaklarynyň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Türkmenistanda her bir düýp agajyň gadyry bimöçberdir. Çünki agaç gurakçylygyň, çölleşmegiň öňüni alýar. Baglar dem alýan howamyzy arassalamaga, tebigatymyzyň gözelleşmegi bilen birlikde, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkymyzyň saglygyny goramaga uly ýardam edýär. Daş-töweregimizi gurşap oturan daragtlaryň salkyn saýasy, jana şypa beriji arassa howasy bedenimizden ýadawlygy aýyrýar, işe ukyplylygymyzy artdyryp, kalbymyzda ruhubelentlik duýgusyny oýarýar. Hut şonuň üçin hem her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdylyp, tokaý zolaklarynyň giňeldilmeginiň ähmiýetiniň uludygyna göz ýetirip guwanýarsyň.

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli saýaly, pürli, miweli baglaryň 30 million düýp nahalyny ekmek bellenildi. Bu asylly we döwletli işiň baş maksady: ýurdumyzda bag nahallarynyň, tokaý zolaklarynyň möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr.

Ýolly NEPESOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi.
Beýleki habarlar