«Sanly market»: sat we satyn al

27 Iýul 2021
2341

«Sanly market» onlaýn söwdany üpjün etmek üçin dürli söwda nokatlary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu platforma satyjylaryň öz işini tutuş ýurda tanatmagyna, alyjylaryň bolsa ykjam goşundy arkaly gerek zadyny satyn almagyna ýardam edýär.

Sanly ykjam goşundynyň aýratynlygy, ony ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ulanyp bolýandygyndadyr. Sebäbi onda welaýatlardaky hereket edýän marketler hem ýerleşdirilen. Bu onlaýn bazar müşderilerine azyk önümlerinden başlap, arassalaýjy serişdeler, gözellik serişdeleri, hatda mebel harytlarydyr kompýuter enjamlaryny hem hödürleýär.

Mähri Ýagmyrowa
«RYSGAL» gazeti
Beýleki habarlar