Türkmenistanyň halkara ekologiýa syýasaty

16 Iýul 2021
2442

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara guramalary bilen köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar, umumadamzadyň geljegine gönükdirilen başlangyçlary BMG-niň dürli derejedäki düzümlerine yzygiderli hödürleýär.

Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleler girýär.

Ogulgurban EZIMOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty
Beýleki habarlar