Abadan durmuşyň güwäsi

13 Iýul 2021
1422

Daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Daşky gurşawy goramak, tebigatymyza aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Biziň her birimiz ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, daş-töweregimizi gurşap alan tebigatymyzy aýawly saklamaga öz şahsy goşandymyzy goşmalydyrys» diýip belleýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmaga, şeýle hem daşky gurşawy goramaga, dikeltmäge, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär.

Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň aladasy we döredýän amatly şertleri bilen eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikler açylýar. Döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady hem halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar