Tokaý zolaklarynyň meýdany artdyrylýar

27 Iýun 2021
1408

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak we döwlet ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» kararyň taslamasy hödürlenildi.

«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar