Durnukly ösüşiň bähbidine

9 Iýun 2021
1669

Ekoulgamyň abat saklanylmagy il-ýurt abadançylygynyň esasy şertleriniň biri hökmünde görülýär. Döwletimiziň ekologiýa syýasatyny alyp barşynda hem bu ynsanperwer ýörelge aýdyň görünýär. Ýurdumyzda halkara möçberinde ekologik maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Geçen ýyllarda Hazar deňziniň we Aralyň ekologiýasy boýunça dürli meseleler biziň ýurdumyzyň çäginde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Meselem, «Hazar ekologik maslahaty», «Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatlar, olarda kabul edilen çözgütler ekoulgamdaky alnyp barylýan işleriň ähmiýetini täze bir derejä çykardy. Ýurdumyzda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy hem ekologiýa meseleleriniň sebit çäginde kämil çözülmegine täsirini ýetiren dünýä möçberli çäre hökmünde taryha girdi. Birinji Hazar ykdysady forumynyň öň ýanynda Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda dünýäde iň uly emeli adalaryň birinde guralan ekosapak bolsa «Dünýäde iň uly ekosapak» ady bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazyldy. Türkmenistanly alymlaryň geçiren bu sapagyna 2935 adam gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýöredilýän parasatly ekosyýasat öz miwelerini eçilýär. Adamlara öz sahawatyny eçilýän toprak we arassa howa, ekologiýa taýdan sagdyn önümler ildeşlerimiziň ýaşaýşyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň çäginde Türkmen kölüniň gurulmagy bilen giden sähralyklary, çöllükleri suwarmaga mümkinçilik döredi. Köle suwuny guýýan akabalardyr kanallar Garagumuň keşbini bütinleý özgerdýär. Ýer ýüzünde tebigaty goramagyň we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan umumy tagallalara ýurdumyzyň goşandyny yzygiderli goşup durmagy döwletimiziň mertebesini hem ýokarlandyrýar.

Umyt GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň Saýat etrabyndaky wekili.
Beýleki habarlar