Ýaşaýşyň we gözelligiň gözbaşy

28 Maý 2021
1597

Öňňin Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde guramagynda «Tebigat — ýaşaýşyň we gözelligiň gözbaşydyr» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabaraly maslahata Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky alyp barýan giň gerimli işleri hem-de tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak we olary geljekki nesillere has gözel görnüşde ýetirmek barada giňişleýin gürrüň berdiler. Dabaraly maslahatyň ahyrynda tebigaty goramak ulgamynyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar