Ak binaly, aýdyň ýolly Aşgabadyň taryhy we şu güni

1 Aprel 2021
2054

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ýüregi Aşgabat şäheriniň medeni-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ýöredýän daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi, abraýly halkara guramalary tarapyndan doly goldamaga eýe bolmagy bilen paýtagtymyz dürli ugurly halkara derejesinde gepleşikleriň, maslahatlaryň geçirilýän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň merkezine öwrüldi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygy Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýy bilen gabat geldi. Aşgabat şäheri döreýiş taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylda Ashabat atly oturymly obanyň (bu obanyň 2 müň ýyldan hem köp taryhynyň bardygyny taryh ylmy tassyklaýar) we adybir galanyň çäginde düýbi tutulýar. Şol wagtky ýerli hökümet 1874-nji ýylda döredilen Zakaspi harby bölümine 1881-nji ýylda Ahalteke sebitini hem birleşdirip, Zakaspi ülkesini döredýär. Onuň merkezi hem Ashabad şäheri bolýar. 1890-njy ýylda Ahalteke uýezdine Ashabad uýezdi ady berilýär. Ashabad 1882-nji ýyldaky resminamalarda «Ashabad şäheri» diýlip atlandyrylýar.

Nurnabat GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar