Söz ussadyny sarpalap

31 Mart 2021
2157

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň dünýäniň ruhy-medeni gymmatlyklaryna, ösüşlerine ummasyz goşant goşan, ylymda, edebiýatda we beýleki ugurlarda meşhurlyk gazanan dana akyldarlarymyzyň, paýhasly söz ussatlarymyzyň ömri we döredijiligi, eserleri giňden öwrenilýär. Şeýle alymlaryň biri hem beýik türkmen akyldary, döwlet işgäri, serkerde şahyr Muhammet Baýram handyr. Beýik döwlet işgäri, akyldar we alym Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiliginde şahyranalyk we çuňňur pelsepewi pikirler inçelik bilen yzarlanýar.

Ussat şahyr, akyldar, alym Muhammet Baýram han Türkmen halkymyzyň milli buýsanjydyr. Ol barada Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldir....» diýip belläpdir.

Jahan SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar