Baýram han türkmen — edermenligiň we wepadarlygyň nusgasy

24 Mart 2021
2005

Häzirki bagtyýarlyk döwründe beýleki beýik şahsyýetlerimiz bilen bir hatarda Baýram han Türkmeniň ömri we döredijiligini öwrenmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa mysal edip, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň iýun aýynda bu beýik şahsyýetiň ömür-döredijiligini öwrenmäge bagyşlanan «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahatyny aýdyp bolar. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda «Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we ösmeginde bitiren hyzmatlary çäksizdir» diýip bellemek bilen, hanlar hany Baýram han Türkmeniň hem-de onuň ogly Abdyrahym hanyň Mogollar şadöwletiniň ösmeginde we berkemeginde bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berdi.

Taryhy maglumatlar hanlar hany, parasatly döwlet işgäri, başarjaň serkerde, beýik şahyr, dana atalyk hökmünde tanalýan Muhammet Baýram han Türkmeniň XVI asyryň başlarynda Hindistan topraklaryna gelen Muhammet Zahyreddin Babyr tarapyndan esaslandyrylan Mogollar şadöwletiniň berkemeginde bitiren hyzmatlarynyň uludygyny subut edýärler. Mälim bolşy ýaly, Baýram han Türkmen bu şadöwleti esaslandyryjy Muhammet Babyryň başarjaň serkerdesi, onuň ogly Humaýunyň bolsa wepaly egindeşi, agtygy Ekberiň hem dana atalygy hökmünde taryha girýär.

Kakabaý AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar