Hususy pudakda gazanylan üstünlikleriň sergisi

18 Mart 2021
1945

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty geçirildi.

Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu barada milli Liderimiziň TSTB-niň sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda «Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris» diýlip, aýdylýar.

Beýleki habarlar