Bag — gözellik dünýäsi

11 Mart 2021
1335

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda bu ugurda alnyp barylýan işler ildeşlerimiziň saglygyny goramak hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek ýaly wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda örän ähmiýetli bolup durýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, eziz Diýarymyzda her ýyl bag nahallaryny oturtmak boýunça asylly işlere köpçülikleýin badalga berilmeginiň ähmiýeti uludyr. Çünki baglar şäherdir şäherçelerimize, obalarymyza, daş-töweregimize gözellik berýär, howanyň arassalygyny üpjün edýär, bioköpdürlüligiň saklanmagyna hem-de köpelmegine ýardam edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerini ýaşyl zolaklar bezäp, olaryň gerimi barha giňeýär. Her ýylyň ýazky we güýzki bag ekmek boýunça möwsümleriniň dowamynda ekilýän pürli, saýaly, miweli baglar agaçlaryň ekilýän meýdanlarynyň geriminiň giňemegine itergi bolýar. Diňe geçen ýylyň güýzünde berkarar Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna ak mermerli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde baglaryň 25 million nahaly ekildi.

Berdinyýaz KERIMOW,
Bäherden etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.
Beýleki habarlar