Bagy-bossan diýarym

22 Fewral 2021
1436

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragyny bagy-bossanlyga öwürmek üçin taýsyz tagallalar edýär. Tebigaty gorap saklamak, ony gülzarlyga öwürmek döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda saýaly we miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek baradaky işler günsaýyn ilerleýär. Bu bolsa ösümlikleriň görnüşleriniň artmagyna, daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edýär. 

Eziz Diýarymyzda halkymyzyň ekologiýa taýdan arassa şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, ekologiýany we daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan derwaýys işler raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ynsan saglygyny gorap saklamakda we daşky gurşawy goramakda uly ähmiýete eýe bolan miweli, saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda netijeli işler uly gerim bilen alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen, ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär.

Resulberdi MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar