Işewürligiň ösüşli gadamlary

12 Ýanwar 2021
2448

Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilata durmuş hyzmatlaryny hödürlemek, täze iş orunlaryny döretmek işine uly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan dürli maksatly desgalaryň ençemesi munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň gurluşyk senagatynda öňdebaryjylaryň biri bolan «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň hasabyna paýtagtymyzda hem-de sebitlerde amala aşyrylan iri taslamalaryň ýüzlerçesi bar. Olaryň agramly bölegi ýaşaýyş jaýlarynyň paýyna düşýär. Şeýle hem bu kärhana umumybilim berýän we sport mekdeplerini, sport desgalaryny, çagalar sagaldyş merkezlerini, medeni edaralary gurmak, dürli desgalaryň elektrik üpjünçiligi, suw geçiriji we lagym kommunikasiýalarynyň gurluşygyny amala aşyrmak, awtomobil ýollarynyň, ulag çatryklarynyň hem-de köprüleriň durkuny täzelemek we gurmak ynanyldy.

Ogulgurban ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar