Gün­do­gar se­bit: işe­wür­le­riň işi ile­ri

25 Iýul 2024
237

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň al­ty aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça äh­li ba­bat­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň has-da gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň öň­kü­den-de go­wu­lan­ma­gy ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler­de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň işe­wür­le­ri­niň hem my­na­syp zäh­met pa­ýy bar.

Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ýurdumyzyň gün­do­gar se­bi­tine-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Şa ga­da­my düş­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de «Türk­men en­jam» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan Köý­ten­dag et­ra­byn­da gur­lan, ýyl­da bir mil­li­on ton­na se­ment ön­dür­mä­ge ukyp­ly se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň, «Asu­da akym» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan Dä­new et­ra­by­nyň Aş­ga­bat ge­ňeş­li­gin­de gur­lan, «Şir ýag» ha­ryt ny­şan­ly sin­te­ti­ki aw­to­mo­bil çal­gy ýag­la­ry­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň, şeý­le-de «Nu­saý ýol­la­ry» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­na­bat şä­he­rin­de gur­lan, 4 gat­ly, 18 öý­li iki döw­re­bap ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi toý-baý­ram­ly ýy­lyň şat­lyk­ly wa­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di.

Zer­hal NAR­MÄM­ME­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň Le­bap we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy.
Beýleki habarlar