«Akylly» şäher konsepsiýasy: döwrebap durmuş we durnukly ösüş

24 Iýul 2024
260

Halkara guramalaryň berýän maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda Ýer ýüzüniň umumy meýdanynyň, takmynan, 1 göterimini eýeleýän şäherlerde dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragy ýaşaýar. Sarp edilýän energiýanyň we howa zyňylýan gazlaryň 75 — 80 göterimi hem şäherleriň paýyna düşýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak meselesi ör-boýuna galýar. «Ýaşyl» çözgütlere esaslanyp, şäheri sazlaşykly hereket edýän bitewi ulgama öwürmäge gönükdirilen «akylly» şäher konsepsiýasy bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.

irleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 2008-nji ýylda oba bilen şäher ilatynyň sany deňleşen bolsa, 2050-nji ýyla çenli Ýer ýüzüniň ilatynyň, takmynan, 85 göteriminiň şäherlerde ýaşajakdygy çaklanylýar. Iki asyra barabar wagt bäri dowam edip gelýän senagatlaşma eýýamynyň netijesinde ýüze çykan şeýle ýagdaý mundan beýläk şäherleriň ösdürilişi bilen baglanyşykly wezipelere has-da oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar