Soltan Sanjaryň ylma sarpasy

24 Iýul 2024
276

Halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, baý mirasyny öwrenmekde bize nusgalyk mekdep bolup duran Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Bir hakykat milletimiziň buýsanjyny goşalandyrýar: dünýäniň medeniýetleşmegine, bir gez ýokary göterilmegine itergi beren orta asyr Gündogar medeniýeti hut türkmenleriň agalyk eden, yklymlary dolandyran döwrüne gabat gelýär. Sebäbi türkmenler baran ýerini abat-abadan eden, medreseleri, ylym-bilim ojaklaryny gurduran, ylymly, düşünjeli, garadangaýtmaz halk hökmünde gadymy taryhy ýazuw çeşmelerinde orun alypdyr» diýip, buýsanç bilen belleýär. Munuň özi Türkmenistanyň çäklerinde dürli döwürlerde ençeme güýçli döwletleriň bolup geçendigi, bu çäkleriň gadymyýetden bäri ylmyň mizemez ojagy bolandygy, esasan hem orta asyrlarda Beýik Seljuk döwletiniň ylmy-bilimi, medeniýeti ösdürmäge uly goşant goşandygy baradaky taryhy maglumatlary ýene bir gezek subut edýär.

Ylym ýoluna baş goýan alym-ulamalara, müritlerdir sopulara hormat goýmak Seljuk soltanlarynyň ählisine hem mahsus häsiýet bolupdyr. Aýratyn-da, Soltan Sanjaryň döwründe bu işler has hem ýörgünli bolup, ylmy ösdürmekde düýpli tapawutlanypdyr. Soltan Sanjar döwletiň paýtagtyny Merw şäherine geçirip, gadymy Merwi Horasanyň ylym-bilim merkezine öwrüpdir. Bu barada orta asyrlarda ýaşan eýran taryhçysy Rawendi özüniň ýazgylarynda: «Onuň (Soltan Sanjaryň) döwründe bu ýerler (Horasan) ylmyň ojagy, paýhaslaryň çeşmesi, hünärleriň merkezine öwrüldi» diýip belläp geçipdir. Soltan Sanjar alymlara aýratyn sarpa goýup, olaryň ylym öwrenmekleri, täze açyşlary etmekleri we dürli ugurlar boýunça kitaplary ýazmaklary üçin ähli şertleri döredipdir. Soltanyň alymlara hut özüniň howandarlyk edýändigi dünýäniň çar tarapyna ýaýrapdyr. Şonuň üçin, Rawendiniň hem tassyklamagyna görä, Soltan Sanjaryň döwründe Merw dünýäniň dürli künjeginden gelen alymlaryň mekanyna öwrülipdir. Ylmyň-bilimiň ösdürilmegi bilen medreseleriň, obserwatoriýalaryň, kitaphanalaryň, hassahanalaryň sany artyp ugrapdyr.

Aziz HASANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar