Dökün bol — ekin bereketli

23 Iýul 2024
248

Islendik ekinden gowy hasyl aljak bolsaň, ilkinji nobatda, oňa ýeterlik dökün bermeli. Döküni daşary ýurtlardan satyn alsaň, çykdajysy ýetik bolýar, bu önümiň özüne düşýän gymmatyny-da ýokarlandyrýar. Şonuň üçin döküni özümizde öndürmek babatda döwlet tarapyndan tagallalar edilýär. Munuň üçin azot we kaliý dökünlerini öndürýän toplumlar gurlup, olarda netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bolsa bu möhüm işe ýurdumyzyň telekeçileri-de işjeň goşulyşdylar.

Hususyýetçilerimiz daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlykda gyzyl Kaliforniýa gurçugyny ulanyp, onuň önümçiligini öz ýurdumyzda hem ýola goýdular. Bu işde gysga wagtyň içinde ýokary netijeler hem gazanyldy. Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda ýaşaýan Muhammet Sabyrow özüne bölünip berlen ýer böleginde bu gurçugy köpeltmek bilen, her ýylda ýüzlerçe tonna ekologik taýdan arassa dökün öndürýän bolsa, etrabyň Astanababa obasynda ýaşaýan Agamyrat Rozyýew bu önümçiligi özüniň mellek ýerinde ýola goýupdyr. Kaliforniýa gurçuklarynyň ders we beýleki zyňyndylar bilen iýmitlenip öndürýän önümine «biogumus» diýilýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar