Türgenlere şowlulyk arzuw edildi

22 Iýul 2024
306

22-nji iýulda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar sport toplumyň esasy girelgesiniň ugrunda guralan sergini synladylar. Onda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän gymmatlyklar görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Ondan soňra dabarada çykyş edenler ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilendigini buýsanç bilen bellediler.

«Garagum».
Beýleki habarlar