Batly gadamlar bilen

19 Iýul 2024
296

Häzirki wagtda hususy pudagyň paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň sany barha artyp, telekeçileriň öndürýän önümlerine diňe içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Batly-Gadam» hususy kärhanasynda hem döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanylyp, gyzgalaňly iş alnyp barylýar.

Ekologik taýdan arassa, aýaga ýakymly jorap almak isläp, söwda dükanlaryna baranyňda, hökman «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň önümlerine gözüň düşýär. Ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinjileriň hatarynda jorap önümçiligini ýola goýan kärhanada öndürilýän önümler ýokary hilliligi, ýumşakdan ýakymlylygy, galyberse-de, amatly bahalary bilen tapawutlanýar.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar