Şirin-şeker miweler

18 Iýul 2024
252

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça giň möçberli özgertmeler amala aşyrylyp, ilatyň ýaşaýyş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakda, halkymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de onuň partiýasynyň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedow hem il-ýurt bähbitli asylly işlere öz goşandyny goşup gelýär. Halmämmet welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen ýaýlasyndan ýer bölüp alyp, miweli baglary ösdürip ýetişdirdi. Häzirki günlerde onuň bagçylyk bölüminde zähmet çekýän bagbanlar agrotehniki talaplara laýyk ösdürilip ýetişdirilýän, tagamy we ýokumlylygy babatda esasy azyklyk önümleriň hatarynda durýan miweli baglaryň bol hasylyny ýygnap, welaýatyň ak bazarlaryna elýeterli nyrhlarda çykarmakda göreldeli işleri bitirýärler.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar