Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary

17 Iýul 2024
302

Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren galkynyşlar eýýamynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge, telekeçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle başlangyçlaryň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde, ýokary hilli önümleri öndürip, dünýäniň döwletlerine eksport edilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösüşiniň gerimiň has-da giňelmegi, täze görnüşleri öz içine almagy, öndürilýän önümleriň hiliniň bäsdeşlige ukyplydygy, kärhanalarda zähmet çekýänleriň köpüsiniň ýaşlardygy örän guwandyryjy netijedir. Etraplarda gurlan ýyladyşhanalar ýylyň ähli paslynda dürli gök-bakja önümleriniň ýetişdirilmeginiň ýola goýulmagy, olaryň oňat hilli ätiýaçlyk goruny saklamak maksadynda sowadyjylar bilen üpjün edilen ammarlaryň döredilmegi, bazarlarymyzyň hemişe azyk önümleri bilen dolup durmagy, bahalaryň elýeterli bolmagy ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalaryň aýdyň görkezijileridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalaryndan, bildirýän belent ynamyndan ruhlanýan telekeçiler diňe bir ýa-da iki ugur bilen hem çäklenmän, ulgamyň işini kämilleşdirmek maksadynda süýji-köke önümlerini, çagalaryň isleg bildirýän doňdurmalarynyň köp görnüşlerini öndürmegi ýola goýdular.

Yhlas ALTYÝEW,
Akdepe etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar