«Aýdyň Gijeler» HJ öz önümlerini Täjigistana eksport eder

15 Iýul 2024
353

10 — 12-nji iýul aralygynda «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory H.B.Abdyrahmanow Täjigistan Respublikasyna iş saparynda bolup, Täjigistanyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň bezeg sütünleri, köçeleriň yşyklary üçin niýetlenen çyralaryny täjik bazaryna eksport etmegiň geljegi boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de Täjigistanyň Energetika ministrligi üçin dürli kabelleriň üpjünçiligini ýola goýmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, gepleşiklerde geljekde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçiligine hem garaldy.

Beýleki habarlar