TEJRIBE, HIL, ÖSÜŞ

15 Iýul 2024
267

Ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň artmagynda, importyň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýy barha artýar. Esaslandyrylanyndan bäri geçen 16 ýyla barabar döwrüň içinde polietilenden dürli görnüşli turbalary öndürmekde baý tejribe toplap, öňdebaryjy önümçilik kärhanasyna öwrülmegi başaran «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti hem milli senagatyň ösüşine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biridir.

Hojalyk jemgyýetiniň döwrebap önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynda ýerleşýär. Bu ýerde gurluşyk işlerinde ýerlagym suw geçirijileriniň gurnalmagynda, elektrik geçiriji torlarynyň ýerleşdirilmeginde, oba hojalygynyň suwaryş ulgamlarynda peýdalanylýan tekiz we gasynly polietilen hem-de polipropilen turbalar, şeýle-de gaz we suw geçirmek üçin niýetlenen ýokary basyşly polietilen turbalar öndürilýär. 10 müň inedördül metr meýdany eýeleýän önümçilik toplumynyň kuwwaty gije-gündiziň dowamynda 250 tonna barabar önüm öndürmäge niýetlenendir.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar