«Ýaşyl» ösüş üçin hünärmenleriň taýýarlygy

13 Iýul 2024
395

Adamda işjeňligiň artmagy netijesinde, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykan kynçylyklar ykdysadyýetiň gurluşyna täzeçe garamagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ykdysadyýetiň «ýaşyl» hem-de galyndysyz nusgalaryna gyzyklanma barha artýar. Türkmenistanda hem «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň we tebigy ulgamlary mümkin bolan derejede saklap galmagyň esasynda jemgyýetiň abadançylygy, raýatlaryň durmuşy üçin ekologik taýdan amatly şertleri üpjün etmek boýunça strategik wezipeler öňe sürülýär. Täze ykdysady wezipeleriň çözgüdine ýardam etmäge ukyply, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bolsa şol maksatlara ýetmek üçin zerur bolan iň möhüm şertleriň hatarynda orun alýar.

Soňky ýyllarda dünýäde işewürligi alyp barmakda tebigat bilen sazlaşyklylygy üpjün etmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek meselelerine uly üns berlip, bu babatda düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şu ýerde «ýaşyl» ykdysadyýet düşünjesiniň üstünde aýratyn durup geçmek zerur. Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň berýän kesgitlemesine görä, «ýaşyl» ykdysadyýet daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsiriň peselmegi netijesinde ekologiýanyň gowulanmagyny, şeýle hem ilatyň saglyk ýagdaýynyň, durmuş abadançylygynyň derejesiniň ýokarlanmagyny göz öňünde tutýan konsepsiýadyr. Şundan ugur alsaň, ykdysadyýetiň täze nusgasynyň esasy aýratynlyklary daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň pes derejesi, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagy we durmuş adalatlylygy bilen häsiýetlendirilýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar