Döwrebap ýaşaýyş jaý hyzmatlary

7 Iýul 2024
258

Ata Watanymyz özüniň gün-günden özgerýän keşbi, ajaýyp görnüşi bilen dünýäniň üns merkezinde. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýany bolan iri göwrümli gurluşyk işleri häzirki wagtda güýçli depginde alnyp barylýar. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan bu halk bähbitli işleri amala aşyrmakda hususy telekeçileriň hem aýratyn orny bardyr. Türkmen işewürleri tarapyndan esaslandyrylan gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri döwrebap desgalardyr binalaryň we ähli oňaýlyklary bolan durmuş maksatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp barmak bilen, gülleýän Watanymyzyň görküne görk, ösüşine ösüş goşýarlar. Ine, şeýle asylly işleri ýerine ýetirýän işewür taraplaryň biri-de «Tijegli Hyzmat» hususy kärhanasydyr.

2021-nji ýylda öz işine başlan «Tijegli Hyzmat» hususy kärhanasy esaslandyryjy Durdyýew Akmyradyň ýolbaşçylygynda smeta, komission, gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek esasynda halkymyza hyzmat edýär. Ilki açylaýan döwründe kärhana, esasan, diňe smeta (islendik işi amala aşyrmak üçin geljekki çykdajylary doly hasaplaýan we meýilnamalaşdyrýan resminamadyr. Bu resminamada taslamany taýýarlamak üçin zerur bolan materiallaryň, enjamlaryň, zähmetiň we beýleki çykdajylaryň jikme-jik maglumatlary bar), komission — satylan we satyn alnan ýeňil we ýük awtoulaglary, tehnikalary hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, telekeçileriň, garaz, ýüz tutan her bir şahsy tarapyň adyna resmileşdirip bermek işlerini ýerine ýetiren bolsa, häzirki wagtda ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan paýtagtymyzda alnyp barylýan şäher gurluşyk işlerine-de öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu hususy kärhana ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynyň çäginde alty sany dört gatly, kyrk öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işlerine başlady. Häzirki wagtda bu durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy gyzgalaňly dowam edip, bu ýerde işleýänler üçin amatly iş-durmuş şertleri döredilýär. Şeýle-de gurluşygyň depginini barha ýokarlandyrmak ugrunda birnäçe netijeli tagallalar edilip, işleriň öňe has ilerlemegine oňaýly şert döredilýär. Ylalaşyga görä, degre-daşy bilen abatlaýyş işleri göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny 2026-njy ýylyň noýabr aýyna çenli dynyp, ulanmaga bermek maksat edinilýär.

Bägül BERDIÝEWA, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar