Hazaryň kenarynda

13 Iýun 2024
492

Beýik Biribar türkmen halkyna täsin we gözel tebigaty eçilipdir. Güneşli Türkmenistanyň bir tarapy ençeme baýlyklary özünde jemleýän Garagum sährasyna uzap gitse, beýleki tarapy, Hazar deňziniň jana ýakymly howasy bilen göreni özüne bendi edýär.

Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelim-gidimli şäherleriniň biri hem goja Hazaryň kenarynda ýerleşen Türkmenbaşy şäheridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen jana ýakymly sergin howaly Türkmenbaşy şäherini ýurduň iri syýahatçylyk merkezine öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şäherden günbatarda  10—12 kilometr daşlykda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelligi göreni haýrana goýýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy  dünýä arhitekturasynyň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär.

Röwşen ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Tejen etrap bölüminiň gözegçisi, uly leýtenant.
Beýleki habarlar