Türkmen akyldary — dünýä şahyry

7 Fewral 2024
608

Günler günlerden, aýlar aýlardan, ýyllar ýyllardan görk alýar. Her ýylymyz öz ösüşli, özgerişli menzilleri bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şowly gadamlara baý bolan 2023-nji ýyly taryhymyza ugradyp, täze ýyly garşyladyk. Eýýäm bir aý gowrak wagt bäri täze ýylyň täze-täze batly gadamlary bilen, Türkmenistan Watanymyz ösüşlere beslenýän arzyly menzilleri aşýar. Halkymyz hormatly Prezidentimiziň syýasatyny goldap, agzybirlikde jebisleşip, asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Üstünliklere, taryhy wakalara beslenen ýene bir ýyly yzda galdyryp, 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylan halkymyz ilkinji günlerden başlap, buýsandyryjy wakalaryň şaýady boldular. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler Watanymyzyň şan-şöhradyny has-da belende göterýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji ýyla gadam basylmagynyň öň ýanynda halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň garşylan şu ýylymyzyň ilkinji günlerinden ýaýbaňlandyrylmagy toý-baýramyň şatlyk-şowhunyny artdyrdy.

Nur­täç AN­NA­MU­HAM­ME­DO­WA,
«Ga­ra­gum».
Beýleki habarlar