Şygryýet bossany

7 Fewral 2024
370

Rubagylar

Terbiýä görädir häsiýet-gylyk,
Ýaşa iliň-günüň perzendi bolup.
Oka, öwren, şeýdip kämil bol, düşün,
Uly kämillikdir adamkärçilik.
* * *
Wagt şol geçip dur ömrüňi gädip,
Senem il deňinde urarsyň ädim.
Ýylana duş gelseň sowlup geçersiň,
Dostuň ýylan çyksa, geçersiň nädip?
* * *
«Durmuş çylşyrymly» diýýäris her dem,
Hut şeýle pikirde namardam, merdem.
Hersi çekýän bolsa, çar tarap ýüki,
Durmuşda ne many, ne şypa-kerdem.
* * *
Saga-sola sowsaň puluňy eger,
Elbetde, özüňe zyýany deger.
Hasaplyja sowsaň, gysgançlyk etmän,
Bil, dostum, rysgalyň artýandyr meger!
* * *
Gahar — duşman, oňa aldyrma özüň,
Mähirli, mylaýym çyksyn owazyň.
Gahar — duşman, ondan üstün çykjak bol,
Şeýtseň gyşyň maýlar, uzalar ýazyň.
* * *
Dowamat bu — goja gider, ýaş geler,
Ýere gaçyp gögär uçan tozgalar.
Edebine bakyp, ogul-gyzynyň,
Ata-enesini tanasa bolar.
* * *
Türkmeniň tamdyry alawlap ýansyn,
Eneler nan ýapsyn, hamyr ýugursyn.
Saçagyň başynda jem bolsun başyň,
Noş bolsun! Saçagňa bereket ýagsyn!
* * *
Agzybirlik ýoly — üstünlik ýoly,
Böwedi böwüser ýatladyp sili.
Agzalalyk asgyn eder, pes eder,
Sil köwensoň opurylan ýer ýaly.
* * *
Diýdiler: «Öz çägi bardyr her zadyň».
Ýöne çägin göremok men bir zadyň:
Okap-okap kämillige ýetseň-de,
Okamadyk günüň peseler badyň.
* * *
Her kimiň özüniň aladasy bar:
Ussa agaç tapsa bir zat ýasaýar,
Daýhan hasyl görýär boş ýatan ýerde,
Gurluşykçy diýýär: «Oňat kerpiç bor».
* * *
Dogry ýoldan ýöräp büdrän görmedim,
Halal tagam iýip gudran görmedim.
Ekin ekip, orak orup, ýer depip,
Diňe peýda gördüm, zyýan görmedim.
* * *
Kalbymda juda kän arzuw-hyýalym,
Bilemok ýetermi-ýetmezmi halym.
Belki, şoldur bizi ýaşadyp ýören,
Soňra şolar bilen nurlandy ýolum.
* * *
Bolmasa işiň kän, aladaň ýetik,
Ynjalyp bilmeseň öýüňde ýatyp,
Ýalňyşmarsyň kitap bilen dost bolsaň,
Oturandan her geçene söz gatyp.
* * *
Päliň düzüw bolsa ýagtydyr ýüzüň,
Il göwnüne ýarar aýdan her sözüň,
Her zatdan kemçilik gözläp otursaň,
Diňe ýaman zatda eglener gözüň.
* * *
Ýalňyşyma orta ýolda düşündim,
Gerdene atylan ýüki düşürdim.
Ýagdaýymy aýtdym ýüki ýükläne,
Emma ony başgalardan ýaşyrdym.
* * *
Bagt guşy gonar ýigit başyna,
Nur çaýar ýoluňa, içdir daşyňa.
Wagtynda tutmasaň uçar gider ol,
Soňra ahmyr bolup girer düýşüňe.
* * *
Ýaşlygyň ýelgini jylawsyz atdyr,
Binýatsyz gurulan bir ymaratdyr.
Öz-özüne jylaw salyp bileniň,
Rysgaly bütindir, ýoly abatdyr.
* * *
Bir söz besdir, kän gaýtalap oturma,
Öwüt berip, kän igeläp oturma,
Ýagşy ata ýeke gamçy ýeterlik,
Artyk gamçy urup, ökünip ýörme!
* * *
Kynçylykdan gorksaň, barha basar ol,
Rysgyňy kemeldip, ýoluň keser ol.
Ýeňdigiňçe yza teser kynçylyk,
Ukybyňa, öz güýjüňe eýe bol!
* * *
Ýola çyksaň, azabyndan çekinme,
Menziliňe ýetmän yza çekilme.
Görüp göripleriň çakyr gözlerin,
Ejizleme, dyza çökme, epilme!
* * *
Gara «gara» diýgin, «ak» diý aga-da,
Aljyrasaň ýer goý garaşmaga-da.
Dostuň bilen sene-mene etseň-de,
Ýer goýawer ertir ýaraşmaga-da!
* * *
Ýoldaş bolan dana bilen, pir bilen,
Agraslanar, ömrüň manysyn biler.
Dost tutunan haýsydyr bir akmagy,
Ir-u-giç öküner, armana geler.
* * *
Suw bolmasa ýerem hasylyn bukar,
Ýer tapmadyk suwam topraga akar.
Gök öwüser ýeriň, suwuň nikasy,
Zemin alkyş okap asmana bakar.
* * *
Erkinlikdir Garaşsyzlyk diýlen zat,
Gaýym gala hem ýürekden uýlan zat.
Hukugyňa — gorag, borjuňa — talap,
Hem ol Watan, il-gün bolup söýlen zat.
* * *
Aşpez otda datly tagam bişirer,
Demirçi ussa hem bolup gara der —
Täzeden jan berer poslan demire,
O:t — bela getirer, o:t — berer ömür.

Ýegendurdy ÝAGMYROW
Beýleki habarlar