Çaparlar (hekaýa)

7 Fewral 2024
318

Mark Krassda şeýle häsiýet bardy. Ol şu ýaşyna çenli bir gezek hem gyşda ýörişe çykmandy. Ol bu babatda şeýle akyla gulluk edýärdi: «Ýagyş depäňden guýlup, syrgynly gar ýüzüňi penjeläp durka, söweşe girmek nämä gerek? Ýollar batga bolup, ýol geçmäň hyllalla öwrülýär. Şeýle halda sen jeňde öz söweş ussatlygyňy doly görkezip bilmejegiň çaga-da aýan. Ýer gury, açyk gün bolanda ýagdaý düýbünden başgaça. Nämä ukyply bolsaň, görkeziber zoruňy».

Mark Krassyň bu gezek gyşda ýola çykmagynda onuň ýöredýän hasaby şundan ybaratdy. «Häli-häzir darkaş gurmak maksady bilen öňümden çykjak serkerde ýok. Men beýle pursada duçar bolmak üçin kän ýol geçmeli. Ýörişe ugranym dost-duşmanlara eýýäm mälim bolandyr. Wagt ýitirmeli däl, maňa gyssanmak gerek».

Döw­let­my­rat NU­RY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy
Beýleki habarlar