Durmuşda öwrüm kän (hekaýa)

7 Fewral 2024
367

Rahym Çynaryň kalbyndaky söýginiň göni ýüreginden çüýläpdi. Rahym onuň üçin gynanyp durmady. Çynaryň nähili ejir çekjekdigini ol, iň bärkisi, göz öňüne-de getirmedi. Öýlenmek meselesinde ata-enesiniň diýeni bilen bolýandygyny, olaryň teklibini ret edip bilmejekdigini buýtar-suýtar etmän, uzakdan aýlajak bolubam durman, göni aýdyp goýberdi.

Onuň sözleri Çynara: «Men saňa öýlenjek däl» bolup eşidildi-de, gözlerini garaňkyratdy, gulagyny gapdy, kellesini doňdurdy. Rahym şeýle netijä näme üçin gelendigi barada soralaýsa onda özi bilen ata-enesiniň arasynda bolan gürrüňi gizläp oturman aýdyp bermekçidi. Ýöne soralmansoň, ol-da aýdylman galdy.

Akmuhammet HEMIDOW
Beýleki habarlar