Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin 2023-nji ýylyň 3-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

26 Aprel 2023
658

Bagtyýar ýaşlarymyz «Açyk gapylar» gününde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze ýöriteleşdirilen okuw otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy.

Beýleki habarlar