Döwrüň möhüm talaby
Güneşli ülkämizde ylym-bilim edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň ýollaryň açylmagy ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna ýardam berýär. Bu babatda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşini çaltlandyrýarys. Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň gerimini giňeldýäris. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary derejä laýyk bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, sazlaşykly ösmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Gün-günden gülleýän ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup durýar.