"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Kombaýnlar möwsüme taýýar

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň oba hojalyk işgärleri bosagada duran pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görýärler. Öňde duran möwsüme guramaçylykly girişmekde we alyp barmakda pagta ýygyjy «John Deere-9565» kysymly kombaýnlaryň 56-synyň guratlygyna oňat düşünýän etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri degişli işleri geçirdiler. Olar, ilkinji nobatda, pagta möwsüminde işlediljek kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň her birini doly gözden geçirip, zerur bolan halatynda abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Munuň üçin bolsa Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda ähli şertler, mümkinçilikler bar. Bu kärhanada möwsüme gatnaşjak işgärler bilen ýörite okuw maslahatlary geçirilip, möwsümde işlediljek tehnikalary bu ugurda tejribesi bolan mehanizatorlara berkitmek boýunça hem tabşyryklar berildi.

Ösüşlere binýat

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň ýakynda kabul eden Karary nobatdaky maslahatyň taýýarlyk işlerine özboluşly badalga boldy. Şonuň bilen baglylykda, şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň çäginde geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söhbet açylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle bolansoň, ýerlerde guralýan çärelerde şular dogrusynda täsirli gürrüň edilýär. Etrabymyzyň çägindäki «Ýyly suw» şypahanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen şeýle mazmunly duşuşyk oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere, halkymyzy röwşen geljeg

Sazly dünýäniň serwisi

Ýurdumyzda indi birnäçe ýyllardan bäri «Çalsana, bagşy!» atly aýdym-saz bäsleşigini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda geçirilýän bu özboluşly aýdym-saz baýramçylygy ýaş bagşylaryň ençemesiniň saýlanyp öňe çykmagyna itergi berýär. Golaýda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry döwlet derejesinde geçirilip, onuň ýeňijileri yglan edildi. Şolaryň arasynda ahally bilbil owazly ýaş zenan bagşy Gülbahar Bagşyýewa-da bar. Gülbaharyň bu üstünligi onuň sungatyň jadylaýjy dünýäsindäki iň şowly ädimleriniň biri boldy. Biz golaýda bagşy zenan bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk. — Sungata imrinmek tebigatyň peşgeşi. Ylalaşýaňmy?

Täsirli geçen söhbetdeşlik

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan guralan söhbetdeşlige Ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligi, edebi mirasy, ajaýyp döwrümizde şirin dilli söz ussadymyza goýulýan sarpa, gadymy Änewiň şan-şöhrata beslenen taryhy we şu güni dogrusyndaky gürrüň söhbetdeşlige gatnaşanlaryň çykyşlarynyň özeni boldy. Olar berkarar Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, bedew batly ösüşler we özgertmeler barada hem täsirli gürrüň etdiler.

Ak ýollar abadan bolsun!

Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny goramak, olaryň abadan durmuşda rahat ýaşamaklaryny üpjün etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy orunda durýan wezipelerdir. Her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi hem şeýle aladadan gözbaş alýar. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreleriň esasy maksady raýatlaryň, şol sanda çagalaryň ýol howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak, olaryň asudalygyny goramak bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda bu giň göwrümli çäräniň maksady we ähmiýeti, ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri, söhbetdeşlikler, mowzuklaýyn duşuşyklar geçirilýär. Olarda ýol-ulag hadysasy bilen baglanyşykly wideoşekilli ýazgylaryň görkezilmegi gatnaşýanlarda jogapkärçiligi has-da artdyrýar. Şeýlelikde, bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Döwletli tutumlara badalga

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, şu jähetden oňa düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Karary esasynda bu umumymilli forumy 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Resminama laýyklykda, mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermelidigi, bu işleri utgaşdyrmalydygy kesgitlenildi.

Hereket howpsuzlygyny berjaý ediň!

Sentýabr aýynyň gelmegi, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryň başlanmagy bilen, ýollarda pyýadalaryň we ulaglaryň hereketi artyp, ýol hereketi görnetin işjeňleşýär. Şeýle ýagdaýda ýol-hereket hadysasynyň ýüze çykmazlygyny gazanmak, adamlaryň barjak ýerlerine sag-aman barmaklary üçin zerur şertleri döretmek esasy wezipe bolup durýar. Munuň üçin biziň döwletimiz ähli çäreleri görýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň janyny, saglygyny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. Döwre we onuň ösüşine görä, ýol hereketleriniň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen wajyp işleriň geçirilýändigine garamazdan, ýollarda juda seresaply, ünsli bolmaly. Gynansak-da, kähalatlarda sürüjiler ýol hereketleriniň kadalaryny dogry berjaý etmän, adamyň saglygyna we ömrüne howp salýarlar. Şonuň üçin, pyýadalar diňe bir ýol hereketine gatnaşyjy bolman, eýsem, ulag hadysalary zerarly heläkçilige sezewar bolan adama kömek bermegi-de başarmalydyrlar.

Magtymguly Pyragy — şygryýet äleminiň ussady

Ýakynda etrap merkezi kitaphanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy — şygryýet äleminiň ussady” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň işgärleri we dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Aýgül Agajyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Guwanç Ýazhanow, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň başlygy Atamyrat Ýagşyýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Ogulsenem Muhadowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpa hem-de onuň goşgularyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellediler. Şonuň ýaly-da, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň diňe halkymyz tarapyndan öwrenilmän, daşary ýurtlarda hem giňden öwrenilýändigi dogrusynda duru

Wagyz-nesihat çäresi

Maşgala mukaddesligi — halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligi Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Baýramaly şypahanasynda şäher häkimliginiň, TZB-niň şäher bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de ýokarda ady agzalan şypahananyň bilelikde guramagynda “Maşgala mukaddesligi — halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TZB-niň şäher bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de şypahananyň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Mekdep bazarlarynyň gyzgalaňy artýar

2024-2025-nji okuw ýylynyň golaýlamagy bilen, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem mekdep bazarlarynyň işi bildirilýän talaplara laýyklykda ýokary derejede ýola goýuldy. Gyzgalaňy barha artýan bu bazarlar mekdep okuwçylarynyň we olaryň ata-eneleriň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda sebit boýunça jemi 111 sany dükanda, 79 sany dükanyň öňünde, onlarça göçme söwdanyň guralýan ýerlerinde we köpugurly welaýat bazarynda, Mary, Baýramaly şäherleriniň merkezi bazarlarynda, etraplaryň söwda merkezlerinde mekdep bazarlary işleýär. Olaryň degişli önümlerdir harytlar bilen bolelin üpjün edilendigi alyjylaryň göwnüni göterýär. Söwda tekjelerini bezäp duran okuw esbaplarynyň we harytlarynyň öz ýurdumyzda öndürilýän, ýokary hilli, göze gelüwli önümler bolmagy-da aýratyn bellärliklidir. Okuwçylara niýetlenilen köýnekler, aýakgaplar, tahýalar, dürli görnüşli mekdep torbalary, depderdir galamlar elýeterli bahalardan satylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan

«Arçman» bilen bagly maglumatlar: «Arçman» bilen bagly rowaýatlar, onuň taryhy baradaky täsin gürrüňler köp. Onuň suwunyň şypa berijilik, kesel bejerijilik häsiýeti, tebigatynyň özboluşly aýratynlygy, ýerleşen ýeri ir döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir.

Dynç alyşdan mekdebe ýa-da täze okuw ýylyna girişmegiň ýollary

Şadyýan günlere, gyzykly başdangeçirmelerdir gezelençlere beslenen tomusky dynç alyşdan soň, täze okuw ýylyna uýgunlaşmak çagalar üçinem, olaryň ata-eneleri üçinem ýeňil däl. Has talapkär ata-eneler dynç alyş döwründe hem perzentleriniň wagtyny mümkingadar netijeli peýdalanmaga we gün tertibini saklamaga ähmiýet berýär. Ata-eneleriň bir bölegi bolsa çagalarynyň tomusky dynç alşyny şadyýan geçirmekleriniň tarapdary. Nähili bolsa-da, üç aý dynç alyşdan soň, ähli çagalar we ýetginjekler mekdebe täzeden uýgunlaşmaly bolýar. Bizem şu ýazgymyzda okuwçylaryň täze okuw ýylyna üstünlikli girişmegine kömek etmäge niýetlenen maslahatlary ata-eneler bilen paýlaşýarys. Ilkinji gezek mekdebe

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

24-nji awgustda Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry bi­len ýur­du­my­zyň bi­lim iş­gär­le­ri­niň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu mas­la­hat­da ge­çen okuwy­ly­nyň je­mi jem­le­nil­di hem-de tä­ze 2024-2025-nji okuw ýy­lyn­da öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mas­la­hat baş­lan­maz­dan öňür­ti, oňa gat­na­şy­jy­lar Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň eý­wa­nyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan ser­gi­ni syn­la­dy­lar hem-de bu ýer­de gu­ra­lan aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ra to­ma­şa et­di­ler. Ser­gi Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­re ba­gyş­la­nyp, ýur­du­myz­da bu ul­ga­my ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di.

Döwrebap şertler döredilýär

Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da Mil­li Li­de­rimiziň hem-de Hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de döw­le­ti­mi­ziň güm­rük eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Tä­ze gu­rul­ýan hem-de düýp­li dur­ky tä­ze­len­ýän güm­rük no­kat­la­ry­na döw­re­bap bar­lag en­jam­la­ry, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy howpsuz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge hem-de güm­rük işi­ni hal­ka­ra de­re­je­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ama­la aşyr­ma­ga uly müm­kin­çi­lik bo­lup dur­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň güm­rük eda­ra­la­ry­nyň tä­ze bi­na­la­ry­ny gur­mak, ola­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek hem-de har­by gul­luk­çy­lary döw­re­bap gul­luk ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ bilen üpjün etmäge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de ýur­du­my­zyň Le­bap we­la­ýat güm­rük­ha­na­sy­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry üçin ni­ýet­le­ni­len ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň açyl­ma­gy hem-de bu da­ba­ra­da ýur­du­my­zyň ser­het­ýa­ka güm­rük no­kat­la­ry­na dür­li gör­nüş­li gul­luk aw­tou­lag­la­ry­nyň sow­gat be­ril­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­lidir. Ýa­kyn­da Bal­kan we­la­ýat güm­rük­ha­na­sy­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry üçin ni­ýet­le­ni­lip, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de gur­lan gul­luk ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň açylyş pursadyna hem

Nusgalyk ýol

Bu nusgalyk ýol Mälik­gu­ly Berdimuhamedowyň ne­sil­le­re go­ýup gi­den hem-de my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän ah­lak-terbi­ýe mek­de­bi­dir. Bu pi­kir-oý­la­ry­my ka­gy­za geçir­me­gi­me san­ly gün mun­dan ozal, gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da il­kin­jii ge­zek «Kids Ekspo: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň açyl­ma­gy se­bäp bol­dy.

Altyn aşyklaryňky alçy gopýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:

Halk Mas­la­ha­ty – döw­let­liligiň gözbaşy

     Mälim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň Ka­ra­ry bi­len, şu ýy­lyň 24-nji sentýabryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Mas­la­hat köş­gün­de Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ri­ler. On­da il-ýurt bäh­bit­li mö­hüm Mälim me­se­le­le­re ga­ra­lar, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni ösüş­de ýe­ten be­lent de­re­je­le­ri ba­ra­da gür­rüň edi­ler, öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Hä­zir­ki wagt­da tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­syn­da hem bu döw­let äh­mi­ýet­li çä­rä ba­gyş­la­nan taý­ýar­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Aka­de­mi­ýa­da bu mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy wa­ka, onuň äh­mi­ýe­ti ba­bat­da wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry, söh­bet­deş­lik­ler ge­çi­ril­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de mu­gal­lym­lar we diň­leý­ji­ler ta­ra­pyn­dan bu sy­ýa­sy çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti dog­ru­syn­da yzy­gi­der­li te­ge­lek stol ýaz­gy­la­ry, çy­kyş­lar gur­al­ýar, ma­ka­la­lar çap edil­ýär.     De­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri dur­mu­şa or­naş­dyr­mak­da, ber­kit­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­na uly orun de­giş­li­dir. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri: «Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan halk hä­ki­mi­ýe­ti ber­ka­rar edi­l

Ol Ru­mus­ta­ny gör­sem...

(Üç yk­ly­myň döw­le­ti) — Är­tog­rul Ga­zy­nyň og­ly Os­man Ga­zy bol­sa türk­men beg­lik­le­ri­ni ýyg­nap,

Ýaş nesle döwrebap sowgatlar

       Diýa­ry­myz­da di­ňe bir dür­li önüm­çi­lik des­ga­la­ry­ny, bi­lim ojak­la­ry­ny, eda­ra-kär­ha­na­la­ry döw­re­bap komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dyr­mak iş­le­ri­ne däl, eý­sem, ýur­du­myz­da teh­no­lo­gi­ýa önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýup, mil­li önüm­le­ri ön­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Döw­rüň ösüş­le­ri bi­len aýak­daş gi­dip, ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­ga hem-de elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýan kär­ha­na­la­ryň bi­ri hem Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň Komp­ýu­ter til­si­ma­ty mer­ke­zi­niň «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­sy­dyr. «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­sy ýur­du­myz­da komp­ýu­ter teh­ni­ka­la­ry­ny ön­dür­mek­de işe gi­riş­mek bi­len, eý­ýäm bir­nä­çe ýyl bä­ri, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan ýur­du­my­zyň bi­rin­ji syn­pa oku­wa gid­ýän äh­li kör­pe­le­ri­ne gow­şu­ryl­ýan, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň or­nu­ny tut­ýan mil­li ha­ryt ny­şan­ly nout­buk komp­ýu­ter­le­ri bi­len üp­jün et­mä­ge go­şant goş­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň 2024-nji ýy­lyň 23-nji mar­tyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da her ýyl ge­çi­ril­me­gi dä­be öw­rü­len «Çal­sa­na, bag­şy!» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň «Çal­sa­na, bag­şy!» bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry­na gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler.