"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Halkymyzyň gadymy oýny «Ýaglyga towusmak»

Çagalar üçin niýetlenen milli oýunlaryň biri-de ýaglyga towusmakdyr. Bu oýun sport meýdançasynda hem oýnalýar. Ýaglyga towusmak oýnuny oýnamak üçin adyndan belli bolşy ýaly, dürli reňkli ýaglyklar ulanylýar. Oýunçylar iki topara bölünýär. Meýdançanyň ortasynda dürli beýiklikde birnäçe reňkli ýaglyklar asylýar. Oýunçylaryň esasy maksady has ýokarda ýerleşýän ýaglygy towsup almak bolup durýar. Oýunçy has ýokarda ýerleşýän ýaglygy alanda 3 utuk, ortada ýerleşýän ýaglygy alanda 2 utuk, aşakda ýerleşýän ýaglygy alanda bolsa 1 utuk gazanýar. Toparlar gezekli gezegine towusmak bilen ýaglygy almaga çalyşýarlar. Oýunda has köp utuk gazanan topar ýeňiji bolýar. Oýnuň esasy düzgüninde her oýunçynyň ýaglygy almaga bir gezek synanyşmaga hukugy bar. Eger-de oýunçy ýaglyga el degrip bilmese ýa-da ony alyp bilmese gezegi beýleki topara berýär. «Ýaglyga towusmak» gadymy milli oýunlarymyzyň biridir. Oýunda çagalaryň beýiklige bökmek, ylgamak endikleri ösdürilýär, dostluk, jebislik duýgulary kämilleşdirilýär.

Maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda raýatlaryň abadan, bolelin, bagtly ýaşaýşynyň ähli zatdan ileri tutulmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagy eziz Diýarymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň dabaralanmasydyr. Döwletiň iň gymmatly baýlygy adam we onuň saglygydyr. Şol sebäpli halkyň saglygyny goramak, uzak ýaşamagyny gazanmak ugrunda döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler açylýar.

Arkadagly watanda

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Bagtyýar biz Arkadagly Watanda” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ady agzalan orta hünär okuw mekdebinde geçirilen çäräni TKA-nyň welaýat birleşmesiniň baş hünärmeni Eziz Meredow açdy hem alyp bardy. Çärede TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmuhammet Muhammetorazow, ylym we bilim işgärleriniň KAIG-nyň başlyklarynyň Türkmengala etrap geňeşiniň başlygy Atamyrat Ýagşyýew, Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy Gülälek Kadyrowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allakuliýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda dost--doganlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle-de, häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli, agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak we arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek dogrusynda durlup geçildi.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Durnukly ösüşiň ähmiýeti Garaşsyz, Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durnukly we asuda durmuşyň pugtalandyrylmagynda, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen dost-doganlykly, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly işler bitirilýär. Şeýle bähbitli ýol-ýörelgäniň milli Liderimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze ýylda-da rowaçlyklara beslenjekdigine berk ynam täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ajap eýýamymyzyň ýyllary Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygyň mekanyna, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär.

Taryhy-medeni gymmatlyklara sarpa

Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, taryhy ýadygärliklerini aýawly saklamaga we öwrenmäge, ýurdumyzyň muzeý işini ösdürmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň häzirki zaman muzeýleri diňe bir milli mirasymyzyň saklanylýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olar halkara medeni alyş-çalyşlary ýola goýmak üçin hem oňaýly merkez bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara syýahatçylygy ösdürmekde-de muzeýlere aýratyn orun degişlidir.

Täsirli geçen duşuşyk

Sarahs etrabyndaky ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň prokuraturasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyk «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän çäreleriň üstüni ýetirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Arslan Rejepgulyýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Baýramgeldi Ballyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Batyr Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Wepa Ýazgylyjow dagy çykyş edip, üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçmegi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmek bilen baglanyşykly ýörelgeleriniň özboluşly beýanydygy barada buýsançly gürrüň etdiler.

Ýylyň zenany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki taryhy günlerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň şäherdir etrap tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylykly dowam edýär. Ýakynda Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde bu bäsleşigiň etrap tapgyry geçirilip, oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler we çykyş etdiler. Şol çykyşlar zenanlarymyzyň guramaçylyk ukybyna eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandygyny, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärini kämilleşdirmekde, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak boýunça asylly işlerde işjeňlik görkezýändigini, nesil terbiýelemekde, obany ösdürmekde uly hyzmatlary bitirýändigini, telekeçiligiň ösmegine goşant goşýandygyny aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşigiň netijesinde «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlendi hem-de olar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan sylaglandy.

Bäsleşigiň etrap tapgyrlary

Bäherden etrabyndaky 30-njy orta mekdepde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çägindäki taslama (ylmy döredijilik) bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Etrap bilim bölümi tarapyndan guralan bäsleşige etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden zehinli ýaşlar gatnaşdy. Mekdebara tapgyrlarda öňe saýlanan okuwçylara bu bäsleşikde zehin we döredijilik başarnyklaryny doly açyp görkezmek üçin ähli şertler döredildi. Mekdebiň döwrebap derejede enjamlaşdyrylan ders otaglary bäsleşigiň guramaçylyk derejesine hem oňyn täsirini ýetirdi.

Hünär ussatlygy

Ýakynda Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň çäginde guralan bu bäsleşige dokmaçy gelin-gyzlar gatnaşdy. Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan belleniljek Halkara zenanlar gününi has-da dabaralandyrmakdan, ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekden, ýokary görnüşli dokma önümlerini mahabatlandyrmakdan hem-de dokmaçy zenanlary höweslendirmekden ybarat boldy. Oňa gatnaşyjylar öz taýýarlan önümleri barada giňişleýin gürrüň etdiler we tikin önümlerini mahabatlandyrdylar.

Welaýat zenanlar bölüminde

Gymmatly esere bagyşlanylan bäsleşik Zenan sarpasy belende göterilýän Arkadagly ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň bagtyýar ýaşamagy, ruhubelent, joşgunly zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle eşretli, döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýan gyz-gelinlerimiziň arasynda dürli bäsleşikler guralýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyny wagyz etmek, onuň many-mazmunyny her bir zenana, her bir maşgala ýetirmek maksady bilen «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen bäsleşik yglan edildi.

Döwrebap ösüşiň binýady

Halkymyzyň abadan durmuşyny ähli zatdan ilerde goýýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, deputatlar ýerlerde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barýarlar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini, Diýarymyzyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny ýene bir ýola ýüze çykarjak syýasy çäredir.

Sanly bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ykdysadyýetiň ösmegine has-da güýçli itergi berdi. Şunlukda, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek, öňdebaryjy tehnologiýa esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak ugrunda oňyn netijeler gazanyldy.

Kanunlar mähriban halkymyzyň bähbidine

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň hukuk binýady gün-günden kämilleşýär, täze kanunlar kabul edilýär. Olaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň has-da ýokary depginler bilen ösmegine we raýatlarymyzyň kanuny taýdan goraglylygyna oňyn täsirini ýetirýär.      «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalaryň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly alnyp barylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçiligiň düzgünlerini özünde jemleýär. Administratiw edaralara ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem administratiw namalary kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslar degişlidir. Kanunylyk we kanunyň öňünde deňlik administratiw önümçiligiň alnyp barlyşynyň esasy ýörelgeleridir. Şol sebäpden administratiw edaralar administratiw önümçiligi öz ygtyýarlygynyň çäginde hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyryp, taraplaryň deňhukuklylygynyň goralmagyny üpjün etmäge borçly bolup durýarlar. Şu Kanunynyň 8-nji maddasyna laýyklykda, her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da maglumat almaga hukugy bardyr. Administratiw edara bolsa ýüz tutmalar boýunça kesgitli hukuk netijelere geti

Göwünlere ganat berýär her jümlesi, her sözi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitap bu gün diňe bir kitap tekjelerimizde däl-de, eýsem, ýüreklerimizde hem mynasyp orun eýeleýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän mizemez ruhy ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny açyp görkezýän bu ajaýyp eseriň her jümlesi, her sözi göwünlere ganat berýär. Ol milli gymmatlyklarymyzyň has-da rowaçlanmagynda, ösüp gelýän ýaş nesliň kalbynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, belent adamkärçilik duýgularynyň ösmeginde aýratyn uly ähmiýete eýedir. ªonuň üçinem kitabyň taryhy ähmiýetini, çuňňur many-mazmunyny giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler täsirliligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýar zenanlarynyň hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň arasynda geçirilýän «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigi şeýle çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. Bäsleşigiň Gumdag şäher tapgyry hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa şäheriň edara-kärhanalarynda, okuw mekdeplerinde zähmet çekýän zenanlar işjeň gatnaşdylar. Olar eserden bir parçany labyzly okamak, rowaýatlary sahnalaşdyrmak hem-de kitabyň özlerinde galdyran täsirleri barada ýürek buýsançlaryny çeper beýan etmek boýunça ukyp-başarnyklaryny gör

Watansöýüjilik mekdebi

Polkownik Döwlet Garlyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Oňa harby bölümiň serkerdeleridir esgerleri gatnaşdylar. Dabaraly çärede «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe harby kasama wepaly Watan goragçylary ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýärler, ýurdumyzyň eziz topragynyň mizemezligini, halkymyzyň asudalygyny goramakda yhlasly gulluk edýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny, Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada uly alada edilip, bu ugurda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Täze, döwrebap harby bölümler, serhet galalary, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berilýär» diýlip, buýsanç bilen nygtaldy. Halkymyzy eşretli durmuşyň goýnunda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň giňden dabaralanmagyna gönükdirilen beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Watana gulluk etmek belent borçdur

Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz we baky Bitarap Diýarymyzda her bir ýyl ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alnyp, döwletimizde kanunyň hökmürowanlygyny, raýatlaryň kanunyň öňünde deňligini üpjün etmekde hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.

Belent hormatyň aýdyň nyşany

Watan goragçylarynyň hünär baýramynyň giňden dabaralandyrylan güni Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygyň berjaý edilmegini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlary üçin hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejesini bermek barada çözgüt kabul etdi. Oňa laýyklykda, welaýatymyzyň harby we hukuk goraýjy düzümlerinde zähmet çekýän harby gullukçylaryň köp sanlysy döwlet sylaglaryna, hünär derejelerine mynasyp boldular.

Döwletimiziň hukuk binýady

2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm waka bolup geçdi – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek babatda täze başlangyçlar öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksady jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle hem kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmek, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdyr» diýip, belläp geçdi. Munuň özi döwletimizde her bir raýatyň hak-hukuklarynyň kanun esasynda goralýandygyny aýdyň alamatlandyrdy.

Zenanlar guramalarynda

Wagyz-nesihat çäresiGolaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň medeniýet merkezinde ýokary okuw jaýynyň zenanlar guramasynyň guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa institutyň zenan mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçen wagyz-nesihat çäresinde hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Paýhas çeşmesi» kitaplaryndaky ene hakyndaky, öý-ojak mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyz, el işlerimiz, edim-gylymlarymyz, ahlaklylyk, päkizelik baradaky tymsallaryň, rowaýatlaryň, dana sözleriň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda söhbet edildi. Dabaranyň dowamynda mährem ene Oguljan Pollyýewanyň ýaşlaryň terbiýesinde milli ýörelgelerden ugur almak hakynda beren gürrüňleri örän täsirli boldy. Institutyň zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Aýsülük Sapargylyjowa öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserleriniň milli ýörelgelerimizi öwrenmekde gymmatly hazynadygy hakynda giňişleýin durup geçdi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamyndaky gyzykly söhbetdeşlikler oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Bahar ÝUSUPOWA,Türkmen oba hojalyk institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

GÖRELDE. KITAP. TERBIÝE Taksä mündüm. Münenimdenem telefonymy elime aldym-da, okap oturan kitabymy açyp, başymy galdyrman okadym. Swetlana Aleksiýewiçiň «Sink oglanlar» kitabydy ol. Hakykatdan-da, oňa bir gyzaňsoň, başyňy galdyrasyň geljek däldi. Sürüji wagtal-wagtal yzyny görkezýän aýnadan garaýan eken. Öýe golaýlan uçurlarym ol ilkinji gezek söz gatdy: «Oýun oýnaýaňmy, dost?!». «Ýok, kitap okaýan» diýip, oňa haýsy kitaby okaýandygymy, näme baradadygyny aýtdym. Gyzykly kitaba aşa gümra bolanymda, şu günki ýaly, öz ulagymy sürmän, barjak ýerime çenli taksä münüp, kitap okaýanlygymy aýtdym…