"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

To­mus pas­ly­nyň gy­zyk­ly güý­men­je­si: Siz ýü­züp bil­ýä­ňiz­mi?

To­mus pas­ly­nyň do­wam edýän gün­le­rin­de ser­gin­le­mek hem-de wag­ty­my­zy has-da şa­dy­ýan ge­çir­mek üçin iň gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri hem ýüz­mek bol­sa ge­rek. De­ňiz ke­na­ryn­da, ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de ýö­ri­te ho­wuz­lar bo­lup, bu ýer­ler­de ça­ga­lar üçin ýüz­mä­ge müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len. Şeý­le hem paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da suw-sport des­ga­la­ry bo­lup, ol ýer­ler­de dür­li ýaş­da­ky ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen ho­wuz­lar­da is­leg bil­dir­ýän­le­re ýüz­me­giň düz­gün­le­ri öw­re­dil­ýär. Ýüz­mek be­den üçin iň peý­da­ly sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Eýsem, ýüz­me­giň nä­hi­li peý­da­la­ry bar­ka?! Beý­le­ki sport gör­nüş­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da ýüz­mek be­de­niň äh­li ag­za­la­ry­nyň deň de­re­je­de he­re­ket et­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Su­wuň bel­li bir gar­şy­ly­gy bo­lup, ony ýe­ňip geç­mek üçin güýç, tiz­lik, çy­dam­ly­lyk we çe­ýe­lik ge­rek. Ke­se­li­gi­ne he­re­ket edil­ýän­di­gi se­bäp­li yzy­gi­der­li ýüz­me­giň bo­ýuň ös­me­gi­ne hem peý­da­sy­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýüz­mek özü­ňe bo­lan yna­my­ňy ber­kid­ýär. Hü­när­men­ler ýüz­mek bi­len meş­gul­lan­ýan ça­ga­la­ryň okuw ders­le­ri­ni has go­wy öz­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler.

Halls­tatt –Awst­ri­ýa­nyň er­te­ki şä­he­ri

Awst­ri­ýa­nyň Halls­tatt şä­he­ri er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly owa­dan gur­lu­şy bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Halls­tät­ter kö­lü­niň gü­nor­ta-gün­ba­tar ke­na­ry bi­len Daçş­teýn da­gy­nyň dik ga­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da owa­dan peý­za­žy eme­le ge­tir­ýän şä­he­re aw­tou­lag­ly ýa-da ot­lu­ly ba­ryp bol­ýar. 59 müň 72 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän Halls­tatt şä­he­ri de­ňiz de­re­je­sin­den 511 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk şä­he­ri «Marktp­latz Halls­tatt» at­ly ki­çi­jik meý­dan­ça­sy bi­len myh­man­la­ry gar­şy­la­ýar. Şä­he­riň 3-4 gat­ly pes­se­jik jaý­la­ry we be­ýik­li-pes­li daş­ly kö­çe­le­ri XVI asy­ry ýa­dy­ňa sal­ýar. Alp dag­la­ry­nyň ete­gin­dä­ki şä­her­de dün­ýä­niň iň ga­dy­my duz kän­le­ri­niň bi­ri bo­lan Salz­wel­ten Halls­tatt we Be­in­ha­us şah­ta­la­ry bar. Hä­zir­ki wagt­da mu­zeý hök­mün­de ula­nyl­ýan bu ýe­re rels­ler­den ýö­re­ýän ara­ba­la­ra mü­nüp ba­ryp bol­ýar. Duz mag­da­ny­na bar­mak is­le­ýän­le­re il­ki ýö­ri­te go­rag eşik­le­ri geý­di­ril­ýär. Soň­ra ýö­ri­te ýe­ras­ty mu­ze­ýe äki­dil­ýär.

Ys­sy­dan go­ran­ma­gyň usul­la­ry

Soň­ky ýyl­lar­da kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi bi­len dün­ýä­de aşa so­wuk we aşa ys­sy ho­wa de­re­je­le­ri ha­sa­ba alyn­ýar. Ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy­nyň güýç­len­me­gi bi­len adam­lar­da ys­gyn­syz­lyk, iş­dä­siz­lik, huş­dan git­me, ba­şaý­lan­ma, Gün ur­ma ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Gün şöh­le­si­niň içiň­den ge­çip bar­ýan how­ry sag­lyk üçin zy­ýan­ly bo­lup, aşa gyz­gyn­lyk­dan go­ran­mak üçin bir­nä­çe şert­le­ri ber­jaý et­me­li. Sal­kyn­ly­gy sak­la­mak. To­mus pas­lyn­da açyk reňk­li, ýe­ňil we ýum­şak egin-eşik­le­ri geý­me­li. Bu be­de­ni sal­kyn sak­la­ma­gyň bir usu­ly­dyr. Ga­ly­ber­se-de, öý­de we iş otag­la­ryn­da ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da ser­gin­le­di­ji­ni iş­let­me­li. Em­ma ser­gin­le­di­ji ula­ny­lan­da her 2-3 sa­gat­dan öçü­ri­lip, 10-15 mi­nut ho­wa çal­şan­dan soň gaý­ta­dan iş­ledil­me­li. Ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy­na ga­ra­maz­dan ser­gin­le­di­ji­niň gö­ni ga­ba­dyn­da otur­mak ýa-da ýat­mak, su­wa dü­şüp ser­gin­le­di­ji­li ota­ga gir­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Her gün pol­la­ry çyg­ly es­gi bi­len sü­pü­rip çyk­mak hem öýi sal­kyn sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Gar­pyz – ja­na şy­pa­ly bak­ja önü­mi

To­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ak ba­zar­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­ýän gar­pyz ja­na şy­pa­ly bak­ja önüm­le­ri­niň bi­ri­dir. Gar­py­zyň dün­ýä­de 1 müň 200-den gow­rak gör­nü­şi bo­lup, ata Wa­ta­ny Af­ri­ka ha­sap­lan­ýar. 96-dan gow­rak ýurt­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän gar­py­zyň suw­suz­ly­gy gan­dyr­mak­dan baş­lap, sag­lyk üçin bir­nä­çe peý­da­sy bar. 90 gö­te­rim­den gow­ra­gy suw­dan yba­rat bo­lan bu bak­ja önü­mi­niň dü­zü­min­de A, C, B6 wi­ta­mi­ni, na­triý, ka­liý, be­lok, şe­ker we ug­le­wod­lar sak­lan­ýar. Gar­pyz ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň işi­ni saz­la­mak bi­len, myş­sa­lar­da­ky agy­ry­ny azalt­ma­ga, be­de­niň ag­ra­my­ny ka­da­ly de­re­je­de sak­la­ma­ga, iý­mi­ti ýe­ňil siň­dir­mä­ge we Gün şöh­le­sin­den de­ri­ni go­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ho­wa­nyň gyz­gyn gün­le­rin­de ýe­ter­lik de­re­je­de gar­pyz iý­len­de be­den üçin ze­rur bo­lan su­wuk­ly­gyň öwe­zi­ni do­lup bol­ýar.

Ra­ma­fo­sa gaý­ta­dan saý­lan­dy

14-nji iýun­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­sy ýur­duň do­lan­dy­ry­jy «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Si­ril Ra­ma­fo­sa­ny gel­jek bäş ýyl üçin Pre­zi­dent saý­la­dy. Par­la­men­tiň il­kin­ji mej­li­si­ne baş­lyk­lyk eden baş ka­zy Reý­mond Zon­do par­la­ment­de ge­çi­ri­len ses be­riş­lik­de Ra­ma­fo­sa­nyň 283 ses, «Yk­dy­sa­dy azat­lyk üçin gö­re­şi­jiler» par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ju­li­us Ma­le­ma­nyň 44 ses alan­dy­gy­ny mä­lim et­di. 29-njy maý­da ýur­duň par­la­men­ti­ne we do­kuz we­la­ýa­tyň ka­nun çy­ka­ry­jy or­gan­la­ry­na saý­law­lar ge­çi­ril­di. Bu saý­law­lar­da Ra­ma­fo­sa­nyň «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy 40,2 gö­te­rim ses alyp ýe­ňiş ga­zan­dy. Ikin­ji or­ny 21,6 gö­te­rim ses bi­len «De­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi» par­ti­ýa­sy, üçün­ji or­ny 14,6 gö­te­rim ses bi­len ýur­duň öň­ki Pre­zi­den­ti Jeý­kob Zu­ma­nyň «Umk­hon­to we Siz­we» par­ti­ýa­sy eýe­le­di. «Yk­dy­sa­dy azat­lyk üçin gö­reşijiler» par­ti­ýa­sy bol­sa, 9,4 gö­te­rim se­se eýe bol­dy.

Saý­law­lar­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa baş­lan­dy

17-nji iýun­da Fran­si­ýa­da möh­le­tin­den öň ge­çi­ril­jek par­la­ment saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry üçin saý­law kam­pa­ni­ýa­sy baş­lan­dy. Saý­law kam­pa­ni­ýa­sy ba­ry-ýo­gy 12 gün do­wam eder. Bir hep­de do­wam eden gyz­ga­laň­ly bil­di­riş­ler­den soň, ýur­duň 577 saý­law ok­ru­gyn­da da­laş­gär­ler ha­sa­ba alyn­dy. Hä­zir ýurt­da saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­lar, saý­la­wyň öň ýa­nyn­da­ky dü­şün­di­riş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne ge­çi­ri­len saý­law­lar­da Fran­si­ýa­da aşa sag­çy­la­ryň ynam­ly ýeň­şin­den hem-de «Gal­ky­nyş» par­ti­ýa­sy­nyň şow­suz­ly­gyn­dan soň Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron fran­suz par­la­men­ti­niň aşa­ky pa­la­ta­sy - Mil­li ýyg­na­gyň ýa­ty­ryl­ýan­dy­gy­ny yg­lan et­di. Bu ba­ra­da fran­suz li­de­ri te­le­ýaý­lym ar­ka­ly hal­ka ýüz­len­me­sin­de aýt­dy. Mak­ron möh­le­tin­den öň ge­çi­ril­jek par­la­ment saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň 30-njy iýun­da, ikin­ji tap­gy­ry­nyň bol­sa, 7-nji iýul­da ge­çi­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.

Prže­wals­ki­niň at­la­ry säh­ra do­lan­dy

Go­laý­da Ber­li­niň we Pra­ga­nyň haý­wa­nat bag­la­ryn­da sak­lan­ýan, Prže­wals­ki­niň ýa­ba­ny at­la­ry­nyň dün­ýä­dä­ki iň soň­ky ga­lan­la­ry Ga­za­gys­ta­na ge­ti­ril­di. Şeý­le­lik­de, al­ty baý­tal bi­len bir aý­gyr soň­ky 200 ýy­lyň için­de ga­zak säh­ra­lyk­la­ryn­da gör­len il­kin­ji ýa­ba­ny at­lar bo­lar. Ola­ryň öň­ki ne­sil­le­ri müň­ler­çe ýyl­lap bu se­bit­ler­de ýa­şap­dyr­lar. Ýö­ne 1960-njy ýyl­lar­da ýa­ba­ny at­la­ryň sa­ny adam iş­jeň­li­gi se­bäp­li ýi­tip ug­rap­dyr. In­di ola­ry te­bi­gy ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ne gaý­tar­mak mak­sat edi­nil­ýär. Ga­za­gys­ta­na ge­ti­ri­len at­lar Mýun­hen we Pra­ga haý­wa­nat bag­la­ryn­da sak­la­nyp ga­lan iki to­pa­ra de­giş­li­dir.

Aw­to­mo­bil sa­tu­wy bo­ýun­ça öň­de

Hy­ta­ýyň aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri, tä­ze ba­zar­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, 2023-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek glo­bal aw­tou­lag sa­tu­wy bo­ýun­ça ame­ri­ka­ly bäs­deş­le­rin­den öňe saý­lan­dy. Bu ba­ra­da aw­tou­lag ba­za­ryn­da­ky mag­lu­mat­la­ry sel­jer­mä­ge ýö­ri­te­le­şen bri­tan kom­pa­ni­ýa­sy «JA­TO Dy­na­mics» ha­bar ber­di. «Ge­çen ýyl hy­taý ön­dü­ri­ji­le­ri dün­ýä­de 13,4 mil­li­on tä­ze aw­tou­lag sa­typ, bu möç­ber 2022-nji ýyl­da­ky­dan 23 gö­te­rim köp­dür. Ame­ri­kan ön­dü­ri­ji­le­ri bol­sa, 11,9 mil­li­on tä­ze aw­tou­lag sa­typ, 2022-nji ýyl­da­ka ga­ra­nyň­da, 9 gö­te­rim ösüş ga­zan­dy» di­ýip, «JA­TO Dy­na­mics»-iň ha­sa­ba­tyn­da bel­le­nil­ýär. Hy­taýly aw­to­ön­dü­ri­ji­le­riň üs­tün­li­gi Ýa­kyn Gün­do­gar, Af­ri­ka, La­tyn Ame­ri­ka­sy we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ýa­ly tä­ze ba­zar­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hy­taý aw­tou­lag­la­ry­na bo­lan is­leg Ýew­ro­pa­da, Awst­ra­li­ýa­da, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da we Ys­ra­ýyl­da hem art­ýar.

ABŞ-dan öňe geç­di

Hy­ta­ýyň ra­ýat­la­ry 2023-nji ýyl­da da­şa­ry ýurt sy­ýa­hat­la­ry­na 196,5 mil­liard dol­lar sarp edip, ABŞ-dan (150 mil­liard dol­lar) öňe geç­di. Bu ba­ra­da BMG-niň Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (UN Tou­rism) ha­sa­ba­tyn­da tas­syk­lan­ýar. Şeý­le hem il­kin­ji bäş­li­ge Ger­ma­ni­ýa (112 mil­liard dol­lar), Be­ýik Bri­ta­ni­ýa (110 mil­liard dol­lar) we Fran­si­ýa (49 mil­liard dol­lar) gir­di. Il­kin­ji on­lu­ga bol­sa, Ka­na­da­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň we Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ila­ty gir­di. Mun­dan baş­ga-da, 2023-nji ýyl­da Fran­si­ýa dün­ýä­niň 100 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­sy­ny ka­bul edip, dün­ýä­niň iň köp bar­lan ýur­dy bol­dy. Is­pa­ni­ýa 85 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny, ABŞ 66 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­sy ka­bul edip üçün­ji or­ny eýe­le­di. On­dan soň Ita­li­ýa (57 mil­li­on) we Tür­kiye (55 mil­li­on) gel­ýär.

«Ga­nat­ly» mu­zeý açy­lar

Abu-Da­bi­de Şeýh Za­ýed adyn­da­ky mil­li mu­ze­ýiň gur­lu­şy­gy ta­mam­lanyp barýar. Fu­tu­ris­tik gur­lu­şyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň bäş sa­ny heý­kel ga­na­ty­dyr. Kaşaň desganyň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik ele­ment­le­ri içer­ki sal­kyn­ly­gy sak­la­mak üçin hem ni­ýet­le­nen­dir. Açy­lyş dabarasy 2025-nji ýyl­da me­ýil­leş­di­ril­ýär di­ýip, «New At­las» ha­bar ber­ýär. Mu­zeý BAE-niň il­kin­ji Pre­zi­den­ti Şeýh Za­ýe­diň hor­ma­ty­na gu­rul­ýar. Onuň aja­ýyp di­zaý­ny Emir­lik­le­riň düý­bü­ni tu­tu­jy şeýh Za­ýe­diň la­çynly aw aw­la­ma­ga we ýur­duň dag­lyk ýer­le­ri­ne bo­lan söý­gü­si­ni ýat­lad­ýar. Esa­sy bi­na 30 metr be­ýik­lik­dä­ki de­pe gör­nü­şin­de bolup, po­lat ga­nat­lar 83 metrden 123 metr be­ýik­li­ge gö­te­ril­ýär. Ganatlar çyl­şy­rym­ly gur­lu­şy arkaly gyz­gyn ho­wa­ny özüne çek­mek bi­len tüs­se­çy­kar ýaly hyzmat edýär.

Pom­pei­de ma­wy otag ta­pyl­dy

Ar­heo­log­lar We­zu­wiý wul­ka­ny aty­lan­dan soň kü­lüň as­tyn­da 2 müň ýyl sak­la­nyp ga­lan Pom­pei şä­he­rin­de tä­ze açyş et­di­ler. Bu ba­ra­da Pom­pei­de ge­çi­ril­ýän ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ba­ra­da­ky res­mi elekt­ron žur­na­ly «E-Jo­ur­nal deg­li Scavi di Pom­pei» ha­bar ber­di. Ar­heo­log­lar şä­he­riň mer­ke­zi bö­le­gin­den ýü­ze çy­ka­ry­lan tä­ze otag ba­ra­da jik­me-jik ha­sa­bat çap et­di­ler. Di­war­la­ry­na gök reňk çal­nan otag däp-des­sur­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­re­le­ri gu­ra­ma­ga we mu­kad­des zat­la­ry sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen ýer hök­mün­de ba­ha be­ril­di. Hü­när­men­ler gök reň­kiň Pom­pei fres­ka­la­ryn­da seý­rek duş gel­ýän­di­gi­ni, adat­ça, us­sat­lyk bi­len be­ze­len otag­lar­da ula­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň do­wa­myn­da 15 sany küý­ze, şeý­le hem 2 sa­ny ýag çy­ra we ola­ryň aşa­gy­na go­ýul­ýan sö­ýeg ýa­ly bü­rünç­den ýa­sa­lan zat­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, köp muk­dar­da gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry we bo­sa­ga­da su­wa­ga goş­mak üçin taý­ýar­la­nyp goý­lan ba­lyk­gu­lak ga­ty­şyk­ly çä­ge ta­pyl­dy.

Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry

Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na gat­na­şy­jy­la­ry ka­bul et­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu ýyl­ky sport çä­re­le­ri 8-15-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da «Uly säh­ra­da du­şu­şyk» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ri­ler. Bu çä­rä 100 ýurt­dan 4 müň tür­gen gat­na­şar diý­lip ga­ra­şyl­ýar. Çäräniň gu­ra­ma­çy­la­ry As­ta­na­da bol­jak oýun­la­ra taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da mas­la­hat ge­çir­di­ler. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň eşik­le­ri­niň we me­dal­la­ry­nyň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di. Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy sport, me­de­ni­ýet we ylym ýa­ly üç esa­sy ug­ry öz içi­ne al­ýar. Gu­ra­ma­çy­la­ryň pi­ki­ri­çe, bu çä­re çar­wa me­de­ni­ýe­ti­ni go­rap sak­la­ma­ga, öw­ren­mä­ge we mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge ýar­dam be­rer.

Taryhda şu gün

1893-nji ýy­lyň 21-nji iýu­nyn­da Çi­ka­go­da gu­ra­lan Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne gat­na­şy­jy­lar ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek syn ediş çar­hy­na mü­nüp gör­ýär­ler. Bu wa­ka­dan iki ýyl öň il­li­noýs­ly ýaş in­že­ner Jorj Fer­ris ser­gi­niň gu­ra­ma­çy­la­ry­na adam­lar üçin ka­bi­na­la­ry bo­lan äpet syn ediş çar­hy­ny gur­ma­gy tek­lip ed­ýär. Fer­ri­siň bu oý­lap ta­py­şy­na Ne­wa­da şta­ty­nyň Kar­son der­ýa­syn­da gur­lan suw de­gir­me­ni­niň çarh­la­ry ylham berýär.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Mars­da suw gy­rpaklary ta­pyl­dy. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler tä­ze açyş edip, Mars­dan suw gyrpaklaryny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Suw gy­rpaklary Gy­zyl pla­ne­ta­nyň «Thar­sis» se­bi­tin­den «ExoMars Trace Gas Or­bi­ter» en­jam­y­nyň kömegi bi­len ta­pyl­dy. Ýukajyk ygal yzlary «Thar­sis» se­bi­tin­däki käbir wul­kan­la­ryň ge­riş­le­riniň oý­tak­la­ryn­da gö­rün­ýär. Go­log­ram­ma gör­nü­şin­de bo­lar. AB­BA go­log­ram­ma­sy bi­len ta­nal­ýan «Pop­hou­se» (Şwe­si­ýa) kom­pa­ni­ýa­sy El­wis Pres­li­niň san­ly awa­ta­ry­ny kon­sert sy­ýa­hatyna iber­mek­çi. El­wis Pres­li­niň awa­ta­ry bi­len gu­ral­jak kon­sert sy­ýa­ha­ty­nyň meş­hur sa­zan­da­nyň tu­tuş dün­ýä­dä­ki muş­dak­la­ry­nyň ün­sü­ni çek­jek uly wa­ka bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Mukaddes gurban baýramy bellenip geçildi

Gur­ban baý­ra­my yn­san­per­wer­li­gi, ru­hy tä­miz­li­gi, hoş­ni­ýet­li­li­gi, be­lent ah­lak­ly­ly­gy da­ba­ra­lan­dyr­ýan mil­li baý­ram­dyr. Bu baý­ram adam­la­ryň ara­syn­da­ky be­lent ýö­rel­ge­le­re ýug­ru­lan gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ýan, kalp­la­ry tä­miz­le­ýän, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi çuň­laş­dyr­ýan, kö­pa­syr­lyk däp-des­sur­la­ry­my­zy giň­den ýaý­baň­lan­dyr­ýan mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne ýe­ten öz­bo­luş­ly gym­mat­lyk­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da mil­li däp-des­sur­la­ry­myz sar­pa­la­nyp, ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze uly hor­mat go­ýul­ýar. Bu hal­ky­my­zyň ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň giň­den da­ba­ra­lan­dy­ryl­ma­gyn­da hem açyk-aý­dyň gö­rün­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Gur­ban baý­ra­my hem pe­der­le­ri­miz­den gel­ýän ga­dy­my hem mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň esa­syn­da giň­den bel­le­nil­ýär. Ýurdumyzda her ýyl­da üç gün dynç gü­ni diý­lip bel­le­ni­lip, bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň asyl­ly däp­le­ri­mi­ze gö­rä gur­ban­lyk des­su­ry­ny ber­jaý et­mek­le­ri­ne uly müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär. Gur­ban baý­ra­myn­da, il­kin­ji no­bat­da, aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry do­ly ber­jaý edil­ýär. Öý­ler­de baý­ram­çy­ly­ga giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Toý sa­çak­la­ry ýa­zy­lyp, naz-nyg­mat­lar bi­len b

Orta asyryň meşhur alymy

Şöh­rat­ly geç­mi­şi­miz­de ylym-bi­lim­de uly iş­le­ri bi­ti­rip, ta­ryh­da öç­me­jek yz gal­dy­ran şah­sy­ýet­le­ri­miz sa­nar­dan kän. Şo­la­ryň bi­ri hem Gün­do­gar­da meş­hur türk­men aly­my hök­mün­de ta­nal­ýan Abul­ha­san Aly ibn Ah­met an-Ne­se­wi­dir. Be­ýik alym, tak­my­nan, 970-nji ýyl­da Nu­saý­da dün­ýä in­ýär. Ol Guş­ýar ibn Lab­ba­nyň şä­gir­di bo­lup, Reý­de Majd ad-Dau­lyň köş­gün­de, Gaz­na şä­he­rin­de Mah­myt Gaz­na­ly­nyň we onuň mi­ras­dü­şer­le­ri­niň köşk­le­rin­de, Sel­juk sol­tan­la­ry­nyň köşk­le­rin­de, has anyk aý­dy­lan­da, Sel­juk türk­men­le­ri­niň mer­ke­zi bo­lan Ys­py­han şä­he­rin­de bir­nä­çe iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Gör­nük­li alym, tak­my­nan, 100 ýa­şap, 1070-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar. Ýew­ro­pa­da Abil­ha­san Ha­li ben Ah­med Na­sue­nis diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Ah­med an-Ne­se­wi Mah­myt Gaz­na­ly­nyň köş­gün­de Abu Nasr ibn Yrak (953/54 – 1034 ýý.), Abu Reý­han al-Bi­ru­ny (973-1048 ýý.) ýa­ly öz döw­rü­niň be­ýik alym­la­ry bi­len egin­me-egin bi­le iş­le­ýär. Soň­ra Ah­met an-Ne­se­wi Çag­ry be­giň ça­ky­ly­gy bi­len Sel­juk­ly­lar köş­gü­ne ça­gy­ryl­ýar. Alym bu ýer­de köşk ast­ro­lo­gy we ast­ro­no­mik gö­zeg­çi­li­gi ge­çir­mek üçin bir­nä­çe iş­le­ri ama­la aşyr­ýar. Ah­met an-Ne­se­wi özü­niň ma­te­ma­ti­ka de­giş­li bo­lan «Ýewk­li­di abst­ra­gir­le­mek» (Taj­rid Uk­li­dis), «Geo­met­ri­ýa­nyň baş­lan­gyç­la­ry­ny abst­

Global ösüş çaklamasy ýokarlandy

«Fitch Ra­tings» hal­ka­ra reý­ting eda­ra­sy glo­bal yk­dy­sa­dy ösü­şiň ozal­ky çak edi­li­şin­den has ýo­ka­ry bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Çak­la­ma­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň 2,4 gö­te­rim däl-de, 2,6 gö­te­rim bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Reý­ting eda­ra­sy­nyň bi­ler­men­le­ri 2025-nji hem-de 2026-njy ýyl­lar­da hem ösü­şiň 2,4 gö­te­rim bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 2024-nji ýyl­da 2,1 gö­te­rim, gel­jek ýyl 1,5 gö­te­rim we 2026-njy ýyl­da 1,6 gö­te­rim ös­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Ýew­ro se­bi­tin­dä­ki yk­dy­sa­dy ösüş 2024-nji ýyl­da 0,6 gö­te­rim­den 0,8 gö­te­ri­me çy­kyp­dyr. Se­bit ýurt­la­ry gel­jek ýyl 1,5 gö­te­rim, 2026-njy ýyl­da 1,4 gö­te­rim öser. Gurbanbibi Orazbaýewa,

EME­LI AŇ: TA­RY­HY WE ULA­NY­LYŞ MÜM­KIN­ÇI­LIK­LE­RI

Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­ni­len Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan fo­ru­ma türk­men alym­la­ry bi­len bir ha­tar­da, bir­nä­çe da­şa­ry ýurt­la­ryň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri hem gat­naş­dy­lar. Hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň öňü­sy­ra­syn­da oňa gat­na­şy­jy­lar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy­lar. Bu göz­den ge­çi­ri­liş­de ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýän Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dö­wür­dä­ki ösü­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. In­no­wa­si­on ösüş we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ýo­lu­na dü­şen Türk­me­nis­tan­da ýo­ka­ry de­re­je­li, hem­me­ta­rap­la­ýyn ökde hü­när­men­le­ri ke­ma­la gel­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ze­hin­li ýaş­la­ryň gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na, mö­hüm yl­my bar­lag­la­ry alyp bar­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge, gel­je­gi uly ugur­lar­da ola­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bi­ziň Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­myz­da hem in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň

Ilkinji elektroulagyny çykarar

Ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­la­ryň az san­ly­sy­ny çy­kar­ma­gy bi­len ta­nal­ýan «Fer­ra­ri» kom­pa­ni­ýa­sy 2025-nji ýy­la çen­li il­kin­ji elekt­rou­la­gy­ny ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Su­per­kar ön­dü­ri­ji­si­niň il­kin­ji elekt­rou­la­gy­nyň ba­ha­sy­nyň 500 müň ýew­ro bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ital­ýan bren­di bu mo­de­li ön­dür­mek üçin aý­ra­tyn za­wod gu­rar. Hä­zir­ki wagt­da «Fer­ra­ri» ulag­la­ry or­ta­ça, 350 müň ýew­ro­dan sa­tyl­ýar. «Porsche» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Taycan» at­ly elekt­rou­la­gy bolsa 100 müň ýew­ro tö­we­re­gi ba­ha­dan sa­tyl­ýar. Ge­çen ýyl «Fer­ra­ri» 14 mü­ňe go­laý aw­tou­lag sat­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň elekt­rou­lag çy­kar­ma­gy bi­len bu gör­ke­zi­ji­niň 20 mü­ňe ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Aý­gö­zel RE­JE­PO­WA,

Bi­rin­ji or­na çyk­dy

Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len meş­gul­lan­ýan «Nvidia» kom­pa­ni­ýa­sy örän gys­ga wagt­da ba­zar gym­ma­ty­ny art­dy­ryp, dün­ýä­niň iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­sy­na öw­rül­di. Dün­ýä­niň ba­zar ba­ha­sy iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň il­kin­ji on­lu­gy­na go­laý­da gi­ren «Nvidia» bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýän «Micro­soft»-dan öňe ge­çip, bi­rin­ji bol­dy. Çip önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň ba­zar nyr­hy 3,32 tril­li­on dol­lar­dan geç­di. Mer­ke­zi eda­ra­sy Ka­li­for­ni­ýa­da ýer­leş­ýän «Nvidia»-nyň teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň jem­le­nen ýe­ri bo­lan «Nas­daq» bir­ža­syn­da­ky paý­na­ma­la­ry 3 gö­te­rim gym­mat­lap, 135,96 dol­la­ra çyk­dy. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa bu ugur­da bi­rin­ji ýe­ri eýe­le­ýän «Micro­soft»-dan öňe geç­di. Pa­ra­hat RAH­MA­NOW,