"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Dynç alyş günleri şatlykly geçýär

«Awazada» ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň şatlykly günleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň gowy dynç almagy üçin döredip beren mümkinçilikleri çagalar üçin ýatdan çykmajak sowgat boldy. Olar bu ýerde wagtlaryny örän şadyýan we manyly geçirýärler, birek-birek bilen dostlaşýarlar. Dynç alyş günlerinde merkezde dynç alýan çagalar «Rowaç» gämisinde gezelenç etdiler. Gämide aýdym-sazly gezelenjiň guralmagy çagalarda ruhubelentlik döretdi. Şeýle hem merkezde «Awazanyň tolkuny–göwünleriň ylhamy» atly  sowal-jogap bäsleşigi diýseň täsirli geçdi.

Pyragy hem Arkadag — döwürlere şamçyrag

Şeýle at bilen TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Mary şäher geňeşiniň başlygy Şöhratgözel Amansähedowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň saýasynda 2024-nji ýylyň — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpa, halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösüşi, gözel Diýarymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler, şeýle-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşleri dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

Döwrümiziň guwanjy zenanlar

Golaýda şeýle at bilen Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda şäher zenanlar bölüminiň we TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy maşgala mukaddesligine, nesil terbiýesine, millilige, däp-dessur ýörelgelerine bagyşlanyldy. Oňa şäheriň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşygy şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Torumowa alyp bardy.

Wagyz-nesihat çäreleri

Daýhana hemaýat — topraga bereket Golaýda TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we etrabyň “Çaşgyn” daýhan birleşiginiň bilelikde guramaklarynda ýokardaky at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Daýhan birleşiginiň edara jaýynda geçirilen duşuşyga TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, etrabyň “Bereket”, “Keseýap”, “Zähmet” daýhan birleşikleriniň kärendeçileri gatnaşdylar.

Maslahat geçirildi

Maşgala mukaddesligi – terbiýe gönezligi Şeýle at bilen Murgap etrap statistika bölüminde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa etrapdaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Magtymguly Pyragy — şygryýet äleminiň ussady

Ýakynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher häkimliginiň bilelikde gurnamagynda S. A. Nyýazow adyndaky Baýramaly şypahanasynda “Magtymguly Pyragy — şygryýet äleminiň ussady” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaş lukmanlar gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazdurdy Abdyýew, şäher halk maslahatynyň başlygy Döwran Meretalyýew, şäheriň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Durdygylyç Baýramow, Baýramaly şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy Akjagül Babakulyýewa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Eziz Saparow çykyş etdiler. Çykyş edenler halkymyzyň umumymilli şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, olar ussat şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Köpetdagyň eteginde beýikligi 60 metre ýetýän Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeli hem-de medeni seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylandygy barada aýtdylar.

Hünär bäsleşigi geçirildi

«Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda kamil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan hünär bäsleşigi yglan edildi. Şu gün welaýat kitaphanasynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşyjylar öz ussatlygyny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Amangözel Tagandurdyýewa bäsleşikde ýeňiji boldy. Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe kitaphanasynyň kitaphanaçysy Şirin Agamuradowa ikinji, Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Solmaz Razakowa we Saýat etrabynyň Yslam geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Gülzada Aganyýazowa dagy üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde birinji, ikinji orunlara mynasyp bolanlar bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşik kitaphana işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmeklerinde, özara tejribe alyşmaklarynda ähmiýetli boldy.

Awazadaky ajaýyp günler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleri dowam edýär. Ýurdumyzyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň çagalarynyň gatnaşmagynda dynç günlerinde geçirilen çäreler hem diýseň täsirli boldy. Çagalar «Awaza» derýasy boýunça gämili gezelenç edip, bu derýanyň boýunda ýerleşýän «Gämiler dünýäsi» atly deňizçiligiň we gämiçiligiň taryhy bilen tanyşdyrýan muzeýe aýlanyp gördüler.

Ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyryp

Garaşsyz ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Iş ýerlerini, ilatyň gazanç etmegi üçin beýleki şertleri döretmek, köp çagaly maşgalalara we döwlet kömegine mätäçlere hemaýat bermek durmuş syýasatynyň wajyp ugurlary hasaplanýar. Ilatyň girdejileriniň ýokary derejesini saklamak, ony hukuk, ykdysady, guramaçylyk taýdan üpjün etmek meselesi üns merkezinde saklanylýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini belläp, 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi. Ilatyň durmuş goraglylygy ulgamy dünýä meýillerini göz öňünde tutýar we şol bir wagtyň özünde ýurduň özboluşlylygyny, taryhyny, demografik, durmuş aýratynlyklaryny beýan edýär. Döwlet býujetiniň köp bölegi tölegsiz umumy orta bilime we saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaýlarynyň, jemagat, ulag-aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegleriniň pes derejesini saklamaga gönükdirilýär. Ilatyň ýaşaýşy üçin zerur harytlara, jemagat hyzmatlaryna elýeterli bahalar kesgitlenilýär. Türkmenistanda-da döwlet kömek pullary, pensiýa üpjünçiligi ulgamyny dö

Awazadaky sapaly dynç alyş

gyzykly çäreler bilen dowam edýär Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşýan Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň çagalarynyň Hazaryň türkmen kenaryndaky dynç alşy dowam edýär. Olaryň gatnaşmagynda dynç günlerinde geçirilen çäreler deňiz ýakasyndaky we gämili gezelençlere baý boldy.

Ugur — mekdep bazaryna

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda-da täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyna giň gerim berildi. Şu günler welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan bazarlaryň 6-synyň, dükanlaryň 56-synyň ýanynda gurnalan göçme söwda nokatlaryna gelýänleriň sany barha artýar. Mekdep bazarlaryndaky okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplardyr beýleki harytlar köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň hiliniň ýokary, bahalarynyň hem elýeterli bolmagy müşderilerde aýratyn gyzyklanma döredýär. Şunda mekdep harytlarynyň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigi örän guwandyryjydyr. Döwletiň garamagyndaky we hususy pudagyň wekillerine degişli kärhanalarda öndürilen okuw esbaplary — depderler, gündelikler, surat çekmäge niýetlenen albomlar, dürli kitapçalardyr beýleki okuw gollanmalary ýokary hilli harytlaryň üstüni ýetirmek bilen, göçme söwda nokatlaryna özboluşly bezeg berýär. Aýry-aýry bölümlerde ilata hödürlenilýän dürli biçüwdäki okuwçy lybaslarynyň, aýakgaplaryň bäsdeşlige ukyplydygyny bellemek has ýakymly.

Ýaş nesil hakyndaky alada

Ýakynda edermen gallaçylarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Häzirki günlerde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol bagtyýar çagalaryň ruhy taýdan sagdyn ösmegine, bilim almagyna, saglyklaryny berkitmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna gönükdirilendir. Döwletimiz çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän mümkinçilikleri hemişe üns merkezinde saklap, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň özüni jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmagy üçin ähli zerur şertleri döredýär.

«Bagtyýar nesilde» sapaly dynç alyş

Edil Akpamyjagyň kökejigi ýaly ulagymyzyň tigirleri tigirlene-tigirlene bizi ertekilerdäki ýaly bagy-bossanly, goýny salkyn saýaly, ýodalary gül-lälezarly, serhowuzly bir ajap jaýa — «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine «hä» diýmän ýetirdi. Bu döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi Daşoguz welaýatynyň merkezinden gaty bir uzakda bolmadyk, tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýär. Şol mahal Asman gümmeziniň gündogar erňeginden ýarmaşyp, Göge galyp ugran Güneşiň ýalbyrap dogmasy körpejeleriň gubarsyz ýylgyryşyny ýadymyza saldy. Lummurdap akýan Şabadyň tolkunlaryndaky şadyýanlyk, şähdaçyklyk «äheňleri» gulagymyza hoş owazly mukam bolup eşidildi. Şeýle goýny sapaly, howasy jana şypaly, şabrama derekli Şabat boýlarynda ýerleşýän bu gözel künjekde arly tomus bagtyýar nesiller sapaly dynç alýarlar.

Matematika höwesli oglanjyk

Häzirki wagtda matematika, hasaplama, sanlar, arifmetika ýaly ugurlar bilen gyzyklanýan ýaş nesillerimiziň sany barha artýar. Olar ylym dünýäsine aralaşmaga we täze-täze zatlary gözlemäge, öwrenmäge höwesek. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty netijesinde ýaş nesiller özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýaryşlarda, olimpiadalarda, halkara bäsleşiklerde görkezip gelýärler. Ine, şeýle zehinli okuwçylaryň biri-de Hemra Gurbanowdyr. Hemra häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 8-nji synpyny üstünlikli tamamlady. 14 ýaşly zehinli oglanjyk indi üç ýyl bäri matematika dersi bilen içgin gyzyklanyp gelýär. Okuwdan boş wagtlary Hemra ýörite sapaklara, okuw merkezlere gatnap, bu ugur boýunça bilimini kämilleşdirýär. Has takygy, ol Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň ýaş olimpiadaçylary taýýarlaýan merkezinde, «Gujurly» bilim merkezinde matematika boýunça bilim alýar. Netijede, Hemra ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde yzygiderli baýrakly orunlary gazanmagy başarýar. Bu bolsa oňa halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara gatnaşmaga, olarda öz zehinini görkezmäge mümkinçilik berdi. Ol şu ýylyň maý aýynyň 26 — 31-i aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent

«Maksadym – suratkeş bolmak»

Maksada okgunlylyk, tutanýerlilik babatda çagajyklaryň erjelligine haýran galýarsyň. Çünki çagalara «Ulalanyňda kim boljak?» diýleninde, olar öz jogaplaryny pert aýdýarlar. Özi-de şeýle aýdyp goýbermeýärler, uly ynam bilen aýdýarlar. Eýýäm birnäçe wagt bäri surat çekmek bilen meşgullanýan Mähri Hemraýewa hem ussat suratkeş bolmagy berk ýüregine düwen jigilerimiziň biri. Heniz çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazyň kagyzyň ýüzüni dürli reňkli boýaglar bilen boýap, bu işinden göwnühoş bolup oýnap-gülşüni synlan terbiýeçisidir enekesi, mekdepde onuň surat dersine ukybynyň ýokarydygyny aňan mugallymlary-da oňa şol ýörgünli sowaly beripdiler. Mähri şol wagtam bu sowala «suratkeş» diýip jogap berýär eken. Hatda bu ugurdan has ökdelemegi üçin ejesi Gülnahal gelneje ony ýörite surat mugallymlaryň birine berkidipdir. Soňra bolsa ol Darganata etrabyndaky çagalar sungat mekdebine gatnaýar we ukyp-başarnygyny has-da artdyrýar. Ol bu çagalar sungat mekdebini üstünlikli tamamlaýar.

Oýlan, pikirlen!

Skanword

Ýurdumyzda mekdep bazarlary ýola goýuldy

1-nji awgustda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde däbe görä, mekdep bazarlary işläp başlady. Ykjam söwda nokatlary kanselýariýa harytlarynyň we okuw esbaplarynyň giň görnüşini hödürleýärler. Täze 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary mekdep lybaslarynyň adaty nusgalaryny satuwa çykardylar. Alyjylara oglanlar üçin eşikler we galstuklar, gyzlar üçin ýaşyl köýnekler we ak öňlükler teklip edilýär. Köp sanly harytlaryň arasynda türkmen tahýalary hem bar.

Asuda ýaşaýşyň goragynda

Eziz watandaşlar! Islendik ýerde elektrik enjamlary ýörite hünärmenler tarapyndan gurnalyp, enjamlaryň ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanylmaly. Sarp edijiligi ýokary elektrik enjamlary gurnalanda, elektrik ulgamy aýratynlykda geçirilip, tok goraýjy oturtmaly. Elektrik geçirijileriniň sütünleri berkidilende, ýönekeý usulda, ýagny enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýa-da bölek sim sarap ulanmak, geçirijileriň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşini ulanmak, çendenaşa işletmek ýa-da gözegçiliksiz goýmak talabalaýyk däldir.

Hatamtaýdan-da jomart

Hatamtaýdan: «Heý, özüňden jomardrak adama sataşdyňyzmy?» diýip sorapdyrlar. Şonda ol şeýle jogap beripdir: «Bir gün bir ýere barşyma ýolda bir ýetim gulamyň öýünde düşledim, onuň on goýny bar eken. Şolaryň birini öldürip, nahar bişirip, maňa getirdi. Men şol goýun etiniň bir ýerini iýip, örän haladym we: «Wallahy, etiň bujagaz ýeri örän tagamly eken» diýdim. Şonda ol gulam daş çykyp, goýunlaryny bir-birden öldürip, meniň şol halan ýerimi bişirip getirdi. Emma meniň mundan habarym ýokdy. Haçan-da, daşary çykyp atlanjak bolanymda görsem, öýüň ýanynda ep-esli gan dökülen eken. Men: «Bu näme?!» diýip soradym. Şonda: «Gulam hemme goýunlaryny öldürdi, bu ganlar şolaryňky» diýdiler. Men oňa käýedim: «Näme üçin beýle iş etdiň?» diýdim. Şonda ol: «Men bir zadyň eýesi bolup, ol-da size ýarasa, şony size harçlamaga dözmesem, munuň özi peslik bolar» diýdi. Şonda Hatamdan: «Sen ol gulamyň hyzmatyna derek näme berdiň?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Üç ýüz gyzyl ýüňli düýe, bäş ýüz goýun» diýipdir. «Onda sen jomardyrak ekeniň» diýenlerinde, Hatam: «Ýok beýle däl, ol bar zadynyň hemmesini berdi, men bolsam bar zadymyň azajyk bölegini oňa berdim» diýipdir.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). BODO ŞEFER