«Nusga» syýa galamlary
«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda döredildi. Ol syýa galamlary we miweli baglary ýetişdirmekde öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasaplanýar. Onuň esasy önümleriniň biri-de, «Nusga» haryt nyşanly syýa galamlarydyr. Adyna tüýs kybap gelýän nusgalyk syýa galamlary spiral, ýylmanak, üçburçluk, altyburçluk görnüşlerde satuwa çykarylýar. Ýertudana, bägül, jasmin yslary bilen tapawutlanýan syýa galamlarynyň gök, ýaşyl, gyzyl, gara reňkleri bar. Ýokary hilli ýazuwy üpjün edýän, her biri 300 metr ýazuw kepillikli syýa galamynyň uzynlygy 14,5 mm., ini 7,3 mm., ýazuw ujunyň diametri 0,7 mm. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmeniniň bellemegine görä, indiki aýyň ahyryna syýa galamlarynyň ýazuw ujunyň diametri 1 mm. ölçegdäkileri-de öndüriler.