Orta mekdebi tamamlap, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleriniň birine gidende-de Serdar bu käri saýlap alaryn diýip pikir etmändi. Bu tötänden bolupdy. Moskwanyň informatika we aragatnaşyk tehniki uniwersitetinde okaýan wagty ol öz okuw jaýyna golaý ýerde ýerleşýän weterinar akademiýanyň talyby bilen tanyşýar. Täze tanşynyň okuwdan boş wagtlary aýakgap tikmek we abatlamak işleri bilen meşgul bolmagy Serdarda uly gyzyklanma döredýär. Ol okuwdan sypyndygy, dostunyň ýanyna gatnap, ilki deri eýlemegi, gön taýýarlamagy öwrenýär. Soňra aýakgap tikmegiň we ony abatlamagyň inçe tärlerini ele alýar. Serdar ýokary okuw mekdebini tamamlap, bir ugur boýunça ýörite diplomly, ikinji bir ugur boýunça-da taýýar hünärmen bolup, dogduk mekana dolanýar.
Ýaş hünärmen ilkinji zähmet ýoluna ikinji saýlap alan ugry bilen başlaýar. Çünki şol döwürde Garaşsyz ýurdumyzda hususy eýeçilige ýol açylyp, başarnygyňa, ukybyňa görä iş alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Serdar paýtagtymyzyň «Gunça» hyzmat ediş öýünden kärendesine ýer alyp, önümhana açýar. Özi ýaly hünärmenleriň kömegi bilen dürli aýakgaplary tikmek we abatlamak işlerini ýola goýýar. Ýurdumyzda döredilen gön önümleri hususy kärhanalary olaryň çig mal bilen üpjünçiligine, önümçiliginiň artmagyna ýardam berýär. Tejribeli telekeçi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Serdar Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky gönden dürli önümleri taýýarlaýan önümhana indi 23 ýyl bäri işläp gelýär.