«Walmart» kompaniýasy Wirjiniýada ýerleşýän uçarmansyz uçarlary boýunça «DroneUp» bilen howa arkaly üpjün ediş platformasyny döretmek üçin hyzmatdaşlyga başlady.
Bölek satuw ägirdi bu başlangyjyň her ýyl uçarmansyz uçar arkaly dört million sargytlary ýerine ýetirip biljekdigini mälim etdi. Habarda bellenilişi ýaly, uçar her dükandan 1,5 mil uzaklyga çenli müşderileriň salgylaryna uçurylar.