Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri telekeçilik işiniň giň gerimli ösdürilýän zamanasy bolup, milli ykdysadyýetimiziň ygtybarly ösüşlerini üpjün edýär. Telekeçilik işiniň abyny-tabyny ele alan telekeçiler öz saýlan ugurlaryndan kuwwatly Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar we geljegiň asylly maksatlaryny nazarlap işleýärler. Bizem golaýda «Dostgurluşyk» söwda-önümçilik hojalyk jemgyýetiniň başlygy, tejribeli telekeçi Nurmuhammet Meredow bilen söhbetdeş bolduk. Işeňňirligi söz urşundanam äşgär bolup duran telekeçi bilen guran söhbetdeşligimiz ýaş işewürler we telekeçiler üçinem ähmiýetli bolar diýip umyt edýäris.
— Nurmuhammet, telekeçilik işine başlamak, onda-da gurluşykçy telekeçi bolmak aňsat bolmasa gerek. Şeýle-de bolsa siz erjellik bilen bu işiň başyny tutmagyň hötdesinden gelipsiňiz. Söhbetimiziň başyny bu asylly işi ýola goýşuňyz, telekeçi bolmaga itergi beren ýagdaýlar baradaky gürrüňlerden başlaýalyň.