"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sungat owazlary

Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň aýdym-saz sungatyna we medeniýetine bagyşlanan konsert uly ruhubelentlige beslendi. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda geçirilen bu dabaraly konsertde ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäniň ençeme ýurtlary bilen ýola goýan dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary bu günki gün halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy hem giň gerimde, netijeli ösdürmäge ýardam berýär. Merkezi Aziýa ýurtlary we Koreýa Respublikasy bilen hem şeýle hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Şu gezekki konsert hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrülip, halklaryň arasyndaky dostluk köprüsini berkitmekde nobatdaky möhüm ädim bolup hyzmat etdi. Konsertiň maksatnamasynyň çäklerinde täsirli çykyşlaryň ençemesi guraldy. Ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazlarda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň waspy, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlandy. Dabara gatnaşyjylar sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryny uly şowhun, dowamly elçarpyşmalar bilen

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň oňyn netijelere eýe bolýandygyny Köýtendag etrabynyň gün-günden özgerýän syýasy-medeni durmuşynyň mysalynda hem görmek bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde etrapda döwrebap mekdepleriň üçüsi ulanylmaga berildi. Şeýle hem ýaşlary zähmete ugrukdyrmakda, olaryň döredijilik başlangyçlaryny önümçilige ornaşdyrmakda göwnejaý işler ýola goýulýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň işgärleri hem bu işleriň ilerlemegine ýakyndan ýardam berýärler. Ýaşlary zähmete, telekeçilik işlerine ugrukdyrmakda, olarda medeniýete, sungata söýgi döretmekde düzümine agzalaryň 28915-sini, ilkinji ýaşlar guramalarynyň 161-sini jemleýän guramanyň etrap geňeşi tarapyndan alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr. Biz gazetimiziň şu sahypasyny Köýtendag etrabynyň bagtyýar ýaşlarynyň işjeň durmuşyna bagyşladyk. Öz käriniň ussady

Medeniýet — ruhy jebislik

31-nji oktýabrda paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen medeni forumyň açylyş dabarasynda HHR-iň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Go Hunlýan gutlag sözi bilen çykyş etdi. Dabara gatnaşyjylar türkmen we hytaý halklarynyň öňden gelýän ruhy arabaglanyşygyny berkitmäge hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumyny guramak mümkinçiligi üçin iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler. Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soňra aýdym-sazly konsert boldy. Onuň maksatnamasyny tanslar, aýdymlar, Sin operasyndan parça, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşaýan halklaryň etniki aýratynlyklaryny beýan edýän sazly kompozisiýalar düzdi. Owadan egin-eşikler, milli sazlar, özboluşly ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlar tomaşaçylara Hytaýyň gadymy we häzirki zaman ruhuny duýmaga, sungatyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän üýtgeşik horeografiýasyna we täsirli güýjüne baha bermäge mümkinçilik berdi.

Owazlar sazlaşanda

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Russiýanyň döwlet kitaphanasynyň, Moskwanyň “Dutaryň owazy” atly halkara festiwal guramasynyň gurnamagynda aýdym-saz ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. “Medeni araçäkde milli kompozitorçylyk mekdepleriň döreýiş aýratynlyklary” ady bilen geçirilen bu ylmy maslahatda sungat ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlary üstünlikli çykyş etdiler. Şeýle-de bu halkara maslahata Azerbaýjanyň Döwlet saz medeni muzeýiniň işgärleri, N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburgyň döwlet konserwatoriýasynyň, A.I.Gersin adyndaky Russiýanyň döwlet pedagogiki uniwersitetiniň, German-rus medeni-ylmy akademiýasynyň professor-mugallymlary, Fransiýanyň Amadeus Europe akademiýasynyň agzalary we beýleki alymlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlar professional saz sungatymyzyň halkara sungat äleminde ýokary derejelere ýetendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Aşgabatly artistler Türkmenabatda

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzünde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri Haýtmyrat Durdyýew, Amangül Mämmetýazowa, Azat Didadow, Kakamyrat Bazarow dagy Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky teatrynda döredijilik saparda bolup, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna we onuň myhmanlaryna «Gülki agşam» atly gülküli-degişmeli sahnalary görkezýärler. Olaryň taýýarlan şowhunly çykyşlary tomaşaçylaryň ruhuny belende göterýär.

Goşgy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Pyragym, sensiň!

Beýik söz ussady

Eziz Diýarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny belende götermekde milli medeni gymmatlyklarymyz mynasyp orny eýeleýär. Sebäbi medeniýet hem ylymdyr bilim ýaly kämil jemgyýeti gurmakda, şu günki hem-de geljekki nesilleriň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda ilkinji zerurlyklaryň biridir. ªonuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylym, bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmekde, olary ylmy taýdan düýpli öwrenmek arkaly dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren düýpli özgertmelerini üstünliklere besleýär. Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýylyň 10 — 24-nji maýynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Bu çözgüt umumadamzat şahyry hasaplanylýan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine halkara derejede goýulýan çäksiz hormat-sarpanyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Türkmeniň akyldar şahyry umman ýaly çuň hem-de giň döredijiliginde tutuş adamzat ähmiýetli möhüm meseleleri gozgaýar, olar babatda haýran galdyryjy pikir-garaýyşlaryny beýan edýär. Beýik söz ussadynyň gymmaty hiç mahal egsilmejek pähim-paýhasa ýugrulan şeýle kämil eserleriniň möhüm aýratynlygy olaryň dünýä halklarynyň mede

Medeniýetiň, sungatyň sarpalanýan zamanasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşler bilen öňe barýan ýurdumyzda medeniýet we sungat uly ösüşe beslenip, döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda bu ulgamda zähmet çekýän adamlaryň halal işlemekleri, öz zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi bizi has-da buýsandyrýar. ªoňa görä-de, medeniýetiň we sungatyň ösmegine mynasyp goşant goşýan ýaşlary kemala getirmek, olardan has zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly aýdym-saz bäsleşikleriniň many-mazmuny, halkyň arasyndaky meşhurlygy ýylba-ýyldan artýar. Döwrümiziň bedew bady bilen öňe barýan ýurdunda türkmen medeniýeti, sungaty, inçeligi özüne siňdiren milli däp-dessurlary, amaly-haşam sungaty, şirin owazly aýdymlary, mukamlary bilen bütin dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda hereket edýän teatrlar, medeniýet öýleri dünýä ülňülerine gabat gelýär. Sungat ojaklarynda halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, ýaşlarda zähmete, Watana söýgi döretmekde halypa-şägirtlik ýoly üstünlikli dowam etdirilýär.

Dostluk ýollary uzaýar

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan çykyşlar giň gerime eýe boldy. Ýaňlanýan hoş owazly aýdymlar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek äşgär görkezýär. Ýurdumyzda ähmiýetli wakalaryň öň ýanynda şeýle konsertleriň geçirilmegi indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Halkara ähmiýetli bu medeni çäreleriň esasy maksady Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny döretmekden ybaratdyr.

Hytaýyň Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy

31-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi türkmenistanlylara hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Halk heňini gözbaş edinen ussat

Ýakynda ýurdumyzda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. 1938–1983-nji ýyllarda ýaşap geçen N.Halmämmedowyň döreden saz döredijiligi diňe bir türkmen saz sungatynda däl, eýsem dünýäniň saz mirasynda orun aldy. Şeýle bolansoň, ussadyň saz mirasy bu ugurdan bilim alýan ýaşlardan başlap, her bir saz sungatyny söýüjide uly gyzyklanma döredip gelýär. Türkmen sazyny dünýä çykaran Nury Halmämmedow çagalygyndan sazy söýýär, ol hünär saýlanynda mukamçy kompozitor bolmagy öz öňünde maksat edip goýýar. Elbetde, tebigy zehiniň ýeterlik bolmasa, bu ugry hünär hökmünde saýlanyňda-da, aljak galaň ýokdy. Ýöne bu pikir Nury Halmämmedowa degişli däldi: ol saza on iki süňňi bilen berlip ýaşaýardy. Saz onuň üçin bütin dünýädi, saz onuň üçin aýdyň geljekdi. Ol öz ykbalyny, geljegini sazsyz göz öňüne-de getirip bilenokdy. Ine, şeýle höwes we tebigy ukyp-başarnyk, zähmetsöýerlik, erjellik ony öňde goýan maksadyna-da ýetirýär.

Pyragynyň terbiýeçilik mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmegine şu günlerden uly taýýarlyk görülýär. Söz ussadyny hatyralap, halkara amaly-maslahat geçirmek, onuň döredijiligini dünýä dillerine terjime etmek göz öňünde tutulýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda beýan edilýän gymmatly pikirler milletiň mukaddes ruhy hazynasyny şöhlelendirip, nesilleriň ýörelgesine öwrülip galan öwüt-nesihatlar umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşyp gidýär. Akyldar şahyrymyzyň öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlary ýaş nesli mynasyp terbiýelemek baradaky aladalara ýugrulandyr. Bu eserleriň nesil terbiýesinde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup, olarda halal ýaşamak pikiri eriş-argaç bolup geçýär. Magtymgulynyň ýöredýän terbiýeşynaslyk pikirleri biri-birleri bilen sazlaşyp, sepleşip gidýär. Akyldaryň şeýle pikirleriniň biri-de kesp-kär, hünär öwrenmek meselesi bilen baglanyşyklydyr. Ol her bir adamyň bir ýa birnäçe hünärden baş çykaryp bilmeginiň zerurdygyny, adam yhlas bilen haýsy käri öwrense, oňa ökdeläp, il-günüň alkyşyna eýe boljakdygy baradaky pikirleri öňe sürýär:

Ene mukaddesligi hakynda

Altyn güýzüň oktýabr aýynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda režissýor Tawus Hakimowanyň belli ýazyjy, dramaturg Magtymguly Myşşyýewiň «Ene» atly dramasy esasynda sahnalaşdyran adybir spektakly görkezildi. Ene mukaddesligi, enäniň çagalaryna bolan mähremligi barada sahna dili bilen söhbet açýan spektaklda teatryň A.Suhanowa, D.Hojanazarow, Ç.Rahmankulow, A.Rozyýewa ýaly artistleri baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyrýarlar.

Medeni gatnaşyklar dostlugy berkidýär

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Iki dostlukly ýurduň medeni durmuşyndaky möhüm waka bolan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi tötänden däldir. Bu şäher 1990-njy ýyldan bäri Aşgabadyň doganlaşan şäheridir. Şoňa görä-de, döredijilik çäresine ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Şa­hyr. Bag­şy. žurnalist

«7/24. tm» № 44 (179) 30.10.2023 Ol dö­wür­ler or­ta mek­dep­de oka­ýan ýyl­la­ry­myz­dy. Bo­laý­sak, 5-nji ýa-da 6-njy synp­da­dy­rys. Dä­dem tä hor­mat­ly dynç al­şa çyk­ýan­ça, on­lar­ça ýyl žur­na­list bo­lup iş­län­soň, öýü­mi­ze dür­li kär­dä­ki adam­lar ýy­gy-ýy­gy­dan myh­man bo­lar­dy­lar. Köp­len­jem iş sa­pa­ry bi­len bar­ýan žur­na­list­ler ar­zy­ly myh­man­la­ry­myz­dy. Bir gün öýü­mi­ze şeý­le myh­man­la­ryň bir­nä­çe­si bar­dy. Ola­ryň bi­ri biz — ça­ga­lar­da aý­ra­tyn uly tä­sir gal­dyr­dy. Mu­nu­ňam se­bä­bi bu eli du­tar­ly bag­şy ki­şi­niň şi­rin la­byz­ly aý­dym­la­ry­ny diň­lä­ni­miz­den bol­sa ge­rek. Şol aý­dym­la­ryň owa­zy hä­zi­rem gu­la­gym­dan gi­de­nok...

Mukama siňen ömür

Düýn meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Mukama siňen ömür» atly iki günlük festiwal öz işine başlady. Festiwalyň deslapky gününde paýtagtymyz Aşgabatda, şeýle hem Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda guralan köpöwüşginli çäreler ýokary ruhubelentlige, ajaýyp duýgulara beslenip, olara medeniýet we sungat işgärleri, türkmen sazynyň muşdaklary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Festiwalyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilip, onda ilki çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň medeniýet-sungat ulgamynda öçmejek yz galdyran halypalara uly hormat-sarpa goýulýandygyna üns çekdiler. Şonuň bilen baglanyşykly, olar türkmen saz sungatynda gymmaty hiç wagt egsilmejek ajaýyp eserlerini halkymyza miras galdyran halypa kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygynyň döwlet derejesinde giňden bellenilmeginiň ussadyň döredijiligine we zehinine çuňňur hormatyň nyşany bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de çykyşlarda kompozitoryň ömri we döredijiligi baradaky gyzykly gürrüňler, ýatlamalar öz beýanyny tapdy.

Sazly dünýäniň söhbedi

Türkmeniň sungata örklenen durmuşy bar. Muny hiç kim inkär edip bilmese gerek. Goşa taryň jadysyndan, şirin sözüň şerbetinden ganan halkymyz ruhy gymmatlygy ähli zatdan ýokarda goýýar. Şeýle oňyn ýörelgeden ugur alynýan döwrümizde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berlip, döredijilik bilen meşgullanýan şahsyýetlere uly hormat goýulýar. Diňe bir türkmen topragynda däl, eýsem, tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygy mynasybetli 27-28-nji oktýabrda ýurdumyzda «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň geçirilmegi onuň aýdyň beýanydyr. Ömri mukama öwrülen saz ussady hakynda bir zat ýazaýmak aňsat iş däl. Ýöne redaksiýadan tabşyryk alsaň welin, bada-bat döredijilik «donuňy» geýip, gözleg ýoluna çykanyňy duýman galýarsyň. Sazdan harman ýasap, onuň dok däneleri kimin altyn çäje öwrülen ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijiligi bilen gyzyklanyp, onuň ýaşan ömrüniň her minutyny, her sekundyny saza bagyşlandygyna göz ýetirýärsiň. Onsoň kompozitoryň özüni saz döretmäge bagyşlanyny ýa-da onuň yşkyndan dörän ylahy owazyň oňa gurban bolanyny seljerip bilmänem esli oturýarsyň. Saz bilen bir jan-bir ten bolan kompozitoryň durmuş ýolunda ençeme muşakgatlary görse-de, elmydama «saz äleminiň soltanyna» halallyk bilen hyzmat edendigini bileniňde bolsa, ylham guşunyň şeýle adamlary ganatlaryna mündürip gaty belentliklere ä

Sarpasy belentden tutulýar

Sungatyň güýji ony döredýänleriň zehinine bagly. Çuň zehine eýe halk ussatlarymyz türkmen milli saz sungatynyň iň kämil nusgalaryny döredip, biziň şu günümize ýetiripdirler. Öz gezeginde bu ajaýyp eserler türkmeniň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getiripdir. Türkmeniň milli saz sungatyny ýokary derejede ösdürmekde öz mynasyp goşandyny goşan kompozitorlarymyzyň biri-de Nury Halmämmedowdyr. Biz nirede bolsagam, «Aýgytly ädim», «Keçpelek», «Ykbal», «Mukamyň syry», «Şükür bagşy», «Magtymguly» ýaly ençeme dünýä belli kinolarymyzyň sazlaryny diňlänimizde, göz öňümizde biygtyýar meşhur kompozitorymyzyň keşbi janlanýar. Nury Halmämmedow - milli saz sungatymyzyň keşigini çeken halypa. Onuň ömri-de, ýaşaýşy-da mukama gaplanypdy. Şu gün, 27-nji oktýabrda ýurdumyz boýunça türkmen kompozitorynyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Festiwal ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

«Aýdym aýdasym gelýär»

Türkmenistanyň halk artisti, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanan ussat aýdymçy Annagül Gurdowa aýdym aýdanda, söz bilen beýan edip bolmaýan üýtgeşik duýgular özüne kökerýär. Şirin owaza eýlenen ol owadan dünýäni boýladygyňça, onuň näderejede çuňdugyna göz ýetirýärsiň. Mylaýymlyk hem mähribanlyk bilen göwün güzeriňe siňňin inýän ýakymly owaz ruhuňy asmana göterýär. Şaglap inýän çeşme suwy ýaly şildiräp, baharyň mymyk şemaly kimin köňüllere rahatlyk berýän aýdymlar ganatlydyrlar. Habarçymyzyň bu makalasy hem, ine, hut şular barasyndadyr. — Men aýdym aýtmaga gaty ir başlapdyryn. Ýaňy bir ýaşymdakam radioda aýdym ýaňlanyp başlandan, ejemiň aýtmagyna görä, menem oturan ýerimde saza goşup, hereket etmäge başlar ekenim. Soň ulalyberenimde, gapdalymyzdaky çagalar bagyna öz erk-islegim bilen gatnap başladym. Beýle diýmegimiň sebäbi, ol wagtlar öýde oturan eneler çagalaryny çagalar bagyna kän bir gatnadyp durmazdylar. Men ol ýere gatnaýan çagalaryň daşaryk çykyp, enekeleri bilen, aýdym aýdýandyklaryny görýärdim. Irden turup, el-ýüzümi ýuwup, gowuja eşiklerimi geýerdim-de, çagalar bagynyň haýatynyň ýanyna baryp, olaryň aýdym aýdyşyny synlardym. Bu meniň üçin gündelik endige öwrülipdi. Ejem dagy: «Nirä barýaň?» diýibem soramazdylar. Käwagt çagalar bagynda işleýänler, çagalary içerik s

Göwündeş gözeller

Hawa, ykbalyň ynsana eçilen tebigy baýlygy onuň zehinidir. Tutumly toýlarda, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklarda, teletomaşaçylaryň, radiodiňleýjileriň göwün guşuny ganatlandyrýan ynsanlar bolsa ýürekden çykýan aýdymlary bilen halkyň kalbyna ýol salýar. Biz bu gün mylaýym heňli, ajaýyp aýdymlary bilen aýdym-saz muşdaklaryny begendirýän aýdymçylaryň, has takygy, aýdymçy zenanlaryň ikisi bilen gürrüňdeş bolmagy makul bildik. Olar Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparynyň I derejeli artisti Laçyn Hudaýgulyýewa bilen Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Gözel Annahanowa. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň aýdymçy zenanlaryň ikisiniň hem durmuşynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolandygyny bellemek gerek. Çünki olar her bir güni buýsançly wakalara beslenýän şöhratly ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýokary derejede bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri bolup, döwlet Baştutanymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagy başardylar. Biz hem zenan aýdymçylarymyzy gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olar bilen bolan söhbetdeşligi okyjylara ýe