Sarpasy belentden tutulýar

27 Oktýabr 2023
773

Sungatyň güýji ony döredýänleriň zehinine bagly. Çuň zehine eýe halk ussatlarymyz türkmen milli saz sungatynyň iň kämil nusgalaryny döredip, biziň şu günümize ýetiripdirler. Öz gezeginde bu ajaýyp eserler türkmeniň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getiripdir. Türkmeniň milli saz sungatyny ýokary derejede ösdürmekde öz mynasyp goşandyny goşan kompozitorlarymyzyň biri-de Nury Halmämmedowdyr. Biz nirede bolsagam, «Aýgytly ädim», «Keçpelek», «Ykbal», «Mukamyň syry», «Şükür bagşy», «Magtymguly» ýaly ençeme dünýä belli kinolarymyzyň sazlaryny diňlänimizde, göz öňümizde biygtyýar meşhur kompozitorymyzyň keşbi janlanýar. Nury Halmämmedow - milli saz sungatymyzyň keşigini çeken halypa. Onuň ömri-de, ýaşaýşy-da mukama gaplanypdy.

Şu gün, 27-nji oktýabrda ýurdumyz boýunça türkmen kompozitorynyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Festiwal ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Zöhre ROZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.