Sazly dünýäniň söhbedi

27 Oktýabr 2023
630

Türkmeniň sungata örklenen durmuşy bar. Muny hiç kim inkär edip bilmese gerek. Goşa taryň jadysyndan, şirin sözüň şerbetinden ganan halkymyz ruhy gymmatlygy ähli zatdan ýokarda goýýar. Şeýle oňyn ýörelgeden ugur alynýan döwrümizde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berlip, döredijilik bilen meşgullanýan şahsyýetlere uly hormat goýulýar. Diňe bir türkmen topragynda däl, eýsem, tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygy mynasybetli 27-28-nji oktýabrda ýurdumyzda «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň geçirilmegi onuň aýdyň beýanydyr.

Ömri mukama öwrülen saz ussady hakynda bir zat ýazaýmak aňsat iş däl. Ýöne redaksiýadan tabşyryk alsaň welin, bada-bat döredijilik «donuňy» geýip, gözleg ýoluna çykanyňy duýman galýarsyň. Sazdan harman ýasap, onuň dok däneleri kimin altyn çäje öwrülen ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijiligi bilen gyzyklanyp, onuň ýaşan ömrüniň her minutyny, her sekundyny saza bagyşlandygyna göz ýetirýärsiň. Onsoň kompozitoryň özüni saz döretmäge bagyşlanyny ýa-da onuň yşkyndan dörän ylahy owazyň oňa gurban bolanyny seljerip bilmänem esli oturýarsyň. Saz bilen bir jan-bir ten bolan kompozitoryň durmuş ýolunda ençeme muşakgatlary görse-de, elmydama «saz äleminiň soltanyna» halallyk bilen hyzmat edendigini bileniňde bolsa, ylham guşunyň şeýle adamlary ganatlaryna mündürip gaty belentliklere äkidýändigine begenýärsiň.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».