Göwündeş gözeller

27 Oktýabr 2023
1181

Hawa, ykbalyň ynsana eçilen tebigy baýlygy onuň zehinidir. Tutumly toýlarda, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklarda, teletomaşaçylaryň, radiodiňleýjileriň göwün guşuny ganatlandyrýan ynsanlar bolsa ýürekden çykýan aýdymlary bilen halkyň kalbyna ýol salýar. Biz bu gün mylaýym heňli, ajaýyp aýdymlary bilen aýdym-saz muşdaklaryny begendirýän aýdymçylaryň, has takygy, aýdymçy zenanlaryň ikisi bilen gürrüňdeş bolmagy makul bildik. Olar Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparynyň I derejeli artisti Laçyn Hudaýgulyýewa bilen Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Gözel Annahanowa.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň aýdymçy zenanlaryň ikisiniň hem durmuşynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolandygyny bellemek gerek. Çünki olar her bir güni buýsançly wakalara beslenýän şöhratly ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýokary derejede bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri bolup, döwlet Baştutanymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagy başardylar. Biz hem zenan aýdymçylarymyzy gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olar bilen bolan söhbetdeşligi okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, žurnalist.