Halk heňini gözbaş edinen ussat

31 Oktýabr 2023
553

Ýakynda ýurdumyzda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. 1938–1983-nji ýyllarda ýaşap geçen N.Halmämmedowyň döreden saz döredijiligi diňe bir türkmen saz sungatynda däl, eýsem dünýäniň saz mirasynda orun aldy. Şeýle bolansoň, ussadyň saz mirasy bu ugurdan bilim alýan ýaşlardan başlap, her bir saz sungatyny söýüjide uly gyzyklanma döredip gelýär.

Türkmen sazyny dünýä çykaran Nury Halmämmedow çagalygyndan sazy söýýär, ol hünär saýlanynda mukamçy kompozitor bolmagy öz öňünde maksat edip goýýar. Elbetde, tebigy zehiniň ýeterlik bolmasa, bu ugry hünär hökmünde saýlanyňda-da, aljak galaň ýokdy. Ýöne bu pikir Nury Halmämmedowa degişli däldi: ol saza on iki süňňi bilen berlip ýaşaýardy. Saz onuň üçin bütin dünýädi, saz onuň üçin aýdyň geljekdi. Ol öz ykbalyny, geljegini sazsyz göz öňüne-de getirip bilenokdy. Ine, şeýle höwes we tebigy ukyp-başarnyk, zähmetsöýerlik, erjellik ony öňde goýan maksadyna-da ýetirýär.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.