Medeniýet — ruhy jebislik

1 Noýabr 2023
373

31-nji oktýabrda paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen medeni forumyň açylyş dabarasynda HHR-iň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Go Hunlýan gutlag sözi bilen çykyş etdi. Dabara gatnaşyjylar türkmen we hytaý halklarynyň öňden gelýän ruhy arabaglanyşygyny berkitmäge hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumyny guramak mümkinçiligi üçin iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler. Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soňra aýdym-sazly konsert boldy. Onuň maksatnamasyny tanslar, aýdymlar, Sin operasyndan parça, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşaýan halklaryň etniki aýratynlyklaryny beýan edýän sazly kompozisiýalar düzdi. Owadan egin-eşikler, milli sazlar, özboluşly ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlar tomaşaçylara Hytaýyň gadymy we häzirki zaman ruhuny duýmaga, sungatyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän üýtgeşik horeografiýasyna we täsirli güýjüne baha bermäge mümkinçilik berdi.

«Aşgabat».