"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Lebap aýdymy

Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Bir gün däl, müň günläp iýdim duzuňy, Gurban men iýdiren duzuňa, Lebap. Şatutlaryň saýasynda düşlämde,Sag bol, çalyp beren sazyňa, Lebap.

Jeýhunyň ýakasy — ýadygärlikleriň mesgeni

Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen, ýurdumyzda her ýyl bir welaýatda Medeniýet hepdeligi giňden bellenilip geçilýär. Milletimiziň mertebesine deňelýän medeniýetiň şanly dabaralara beslenýän toýunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikleriň öwrenilişine hem-de olaryň şöhratly taryhymyzdaky ornuny wagyz etmäge giň orun berilýär. Lebap welaýatynda diňe bir watandaşlarymyzyň däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleriniň hem iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrülen taryhy-medeni hem-de tebigy ýadygärlikleriň ençemesi bar. Olaryň binagärlik sungaty jähetinden kämilligi örän ýokarydyr. Lebap topragynyň taryhy geçmişiniň hem-de Diýarymyzyň bu güneşli künjeginde asyrlar içre gazanylyp gelnen ösüşleriň gönüden-göni Amyderýa bilen baglanyşyklydygy ykrar edilen hakykatdyr.

Halkara surat bäsleşigi

Çaga kalby — päkligiň, tämizligiň nusgasy. Çagalaryň özboluşly hem gyzykly dünýäsi bar. Muny biz Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda yglan edilen «Bagtyýar çagalyk» atly halkara surat bäsleşigine hödürlenen işleri synlanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Halkara derejesindäki surat bäsleşigi nakgaşçylyk we grafika ugurlary boýunça geçirilip, oňa çagalar hem-de ýetginjekler 7 — 11, 12 — 16 ýaş aýratynlyklary boýunça gatnaşdylar. Bäsleşige ýurdumyzyň çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan çagalar bilen bir hatarda çeperçilik gurnaklaryna gatnaýan, umumybilim berýän mekdepleriň zehinli okuwçylarynyň çeken suratlarynyň 350-ä golaýy, dünýäniň 15 ýurdundan jemi 1373 çeperçilik işleri hödürlendi.

Ruhy galkynyşyň goşa ganaty

Şu gün Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi başlanýar Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyndaky döwrebap ösüşler hem örän buýsandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda döreden baý medeni mirasyny aýawly saklamak we ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Gadymy ruhy gymmatlyklara daýanýan milli medeniýetimiziň döwrümiziň talaplarynyň derejesinde ösýändigine hemmämiz şaýat. Şunuň bilen birlikde, halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da baýlaşdyrýar. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň daşary ýurtlarda, dostlukly döwletleriň Medeniýet günleriniň eziz Diýarymyzda geçirilmegi bagtyýarlyk döwrümizde asylly däbe öwrüldi. Medeniýet günleri, birinjiden, milli medeniýetleriň ösüşlerini açyp görkezse, ikinjiden, bu ugurda tejribeleriň alşylmagyna şertleri döredýär.

Asyl ýoluň dünýä barýar, Arkadag!

Ýerden, Gökden,  suwdan geçýär ýollaryň,Jany deýin görýän ildir goragyň.Gözleriň göreji Watan soragyň,Asyl ýoluň dünýä barýar,   Arkadag! Aslyny yzarlan türkmen ýigdidir,Gorkudy,Görogly, Oguzy biridir.Barlygyňda mert ogullar diridir,Asyl ýoluň dünýä barýar,         Arkadag!

Terbiýäniň gözbaşy

Nesil terbiýesi ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren urp-adatlarynyň, görüm-göreldeleriniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Pederlerimiz hemişe ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy, halal bilen haramy saýgarmagy, zähmeti söýmegi, arassa ahlaga eýe bolmagy ýaş nesillere ündäpdirler we bu häsiýetleri öz zürýatlarynda kemala getiripdirler. Ata-enäniň görüm-göreldesine eýermek, olary hormatlamak bolsa nesil terbiýesiniň içinden eriş-argaç bolup geçipdir. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda ýerleşdirilen ata-enäni hormatlamak bilen bagly ençeme pähimler hem şaýatlyk edýär. «Atany söýen Watany söýer», «Ärden ogul dogsa ýagşy, ata ýolun kowsa ýagşy», «Ata-enäniň garrysy bolmaz, asyl parçanyň — könesi», «Ata razy — Hudaý razy. Ene razy — pygamber razy», «Ata dünýäsi ogla gönezlik», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser», «Oglan — ata, gyz — enä», «Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň — bahasy» ýaly pähimlerde ata-enesini söýýän perzentleriň Watanyny hem söýýändigi, ýurduna wepaly, il-gününe haýyrly ynsanlar bolup ýetişýändigi aýdylýar. Ata-enäni hormatlamak diňe bir halkymyzyň döredijiliginde däl, eýsem, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem uly orun alypdyr. Muňa mysal hökmünde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserini görkezmek bolar. Döwletm

Ak bagtdan görk alan

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň 15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Ady taryhyň sahypalaryna siňip gidýän ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat dünýäde mermer, merjen şäher hökmünde tanalyp, merdana türkmen halkynyň kalbynda ajaýyp orun aldy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 25-nji maýda agzybir halkymyz ak mermerli eziz Aşgabadymyzyň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip berkidilýär. Bu ajaýyp nurana şäher her birimiz üçin mukaddesdir. Çünki gözel paýtagtymyz ýurdumyzyň täze taryhynyň, nurana geljeginiň, döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine ýetmegiň ajaýyp nyşany bolup durýar. Mukaddes Watanymyzyň ak mermerli paýtagtynyň batly depginli durmuşynda döwletimizde bolup geçýän ähli ykdysady we syýasy wakalar, jemgyýetiň medeni hem-de ruhy durmuşynyň derejesi, döredijilik, aň-paýhas kuwwaty has doly ýüze çykýar.

Dünýä ýaýylan parasat ummany

Türkmen halkynyň we bütin Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi her bir ynsanyň teşne kalbyny gandyryp, aram berýär. Milli mirasymyzyň we medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip nygtaýar. Beýik akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň Atlantik ummanynyň kenarlaryndan başlap, tä Uzak Gündogara çenli aralykda ýaşaýan halklaryň ençemesiniň dillerine terjime edilmegi hem-de giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanmagy Gahryman Arkadagymyzyň aýdan bu sözlerini tutuş aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bizem ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda dürli ýurtlarda akyldar şahyryň döredijiligini içgin öwrenen alymdyr terjimeçiler baradaky maglumatlary, şeýle hem olaryň terjime eden şygyrlaryny öz dillerinde okyjylarymyza ýetirýäris. Arseniý TARKOWSKIÝ

Medeniýetiň toýy — Watanyň toýy

Çünki bütin ömrüniň dowamynda durmuş manysynyň açaryny gözläp gezen türkmen halky edep-ekram, belent adamkärçilik, medeniýet bilen maksatly menzillere ýetip bolýandygyna düşünipdir. Medeniýetiň, ylym-bilimiň ösen ýurdunyň taryhy keşbi bolsa, halkyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň subutnamasy bolup, milli gymmatlyklary bilen dünýä halklaryny özüne bendi edipdir. Halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň nusgawy derejelere ýetmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle diýýär: «Täze eýýam türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da kämilleşmegini hem-de ýokary derejelere göterilmegini talap edýär». Hawa, halkyň medeniýetiniň ýokary göterilmegi ýurduň kuwwatlanmagydyr. Medeniýetiň şanyna tutulan toý tutuş milletiň, ata Watanyň mertebesidir. Diňe bir merkezi Aziýada däl, eýsem, dünýäde iň bol suwly derýalaryň biri hasaplanýan Amyderýany ýakalap oturan Gündogar welaýatyň ady tutulsa, geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda saýrak owazy bilen göwünlere gül eken halypa aýdymçy ýadyňa düşýär. Türkmenistanyň halk artisti Roza Hudaýbergenowanyň: «Çar tarapy bagy-bossan, Lebap ilinden salam!» diýip, buýsanç bilen aýdan aýdymy. Bu bereketli topragyň ak pagtaly meýdanlary, mawy ýangyçly sähralary, tylla sary gülabylary, gujak ýetmez kädileri, uzaklardan gol bulaýan miweli baglary göz öňüňe gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüre

Magtymguly, sözüm bilene sözdür

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçmiş taryhymyzy, edebiýatymyzy, medeniýetimizi düýpli öwrenmek, gorap saklamak hem-de wagyz etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda milli Liderimiz 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belläp geçmek üçin anyk tabşyryklary berdi. Bize dana Magtymguly Pyragydan çuň many-mazmuna eýe bolan nusgawy eserler miras galdy. Bu baý mirasda Watana, il-halka hyzmat etmek, adalatly bolmak, agzybir, sazlaşykly ýaşamak bilen baglanyşykly öwüt-ündew häsiýetli şygyrlar uly orun tutýar. Nusgawy şahyryň özi ähli ukyp-başarnygy bilen iline-gününe hyzmat edip, ykbalyny ýurdunyň ykbaly bilen baglapdyr.

Mugam diňläli, gardaş!

(«Barlan iller, ýörelen ýollar» çeper-publisistik toplumyndan) Gadymy kitaplary okasaň, köne dessanlary diňleseň, jahankeşdeleriň baran illerinden getiren gürrüňlerine, geň-enaýylyklaryna, agyr kerwenleriň keşt eden illerinden alyp gaýdan gülebent-ýüklerine diýseň hyrydarlykly çemeleşipdirler. Indi ösen dünýäde jahankeşdelige hem-de sapara başgaça, has wajyp nazar bilen baha kesilýär. Sebäbi ol saparlar, ylaýta-da döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki gepleşiklerdir ylalaşyklar bir ýa-da iki kerwen ýüklerinden has agyr. Anyk aýdanyňda, iki döwletiň bähbitleriniň hem çygryndan çykyp, sebit, dünýä ähmiýetli, köp halklaryň şu gününiň hem röwşen geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen, özem uzak ýyllary nazarlaýan ylalaşyklar gazanylýar. Şol ylalaşyklar gadymy kerwen ýollaryny barha giňeldýär. Diýmek, halklaryň hatyrasyna hyzmat etjek ýükleriň agramyny artdyrýar. Muňa Türkmenbaşy we Baku halkara deňiz portlary anyk mysaldyr. Hazar deňziniň üstünden gelýän ýükleriň geografiýasy, şeýlelikde, Günbatar Ýewropa — Gündogar Aziýa, has anygy, Hytaý diwarlary aralygyna çenli uzaýar.

Türkmeniň dünýäni özgertmek sypaty ýa-da bu sypatyň milli gymmatlyklarymyzda ýüze çykyşy

Biz hormatly Prezidentimiziň eserlerinde, şeýle-de taryhy eserleriň köpsanlysynda türkmeniň öz durmuşyny ruhy dünýäsiniň bozulmaz kanunyna laýyk ýaşap bilendigi baradaky anyk maglumatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ine, şonuň üçin hem pederlerimiz asyrlarboýy öz durmuşynyň içki tertibine, gadymy ýörelgelerine ygrarly bolupdyrlar, dünýäniň ösüşine öz täsirini ýetirip durmagy hem başarypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň ýazyşy ýaly, çöl balasy bolan türkmen dünýäniň özi üçin ýaramly nusgasyny döretdi, şol nusga görä bolsa, durmuşyň ähli öwrümlerinde — kuwwatly döwletlerden başlap, çopan külbesine çenli öz mertebäňi dolulygyna saklamak we asyl bolşunda galmak ukybyna eýe boldy. Ine, onsoň, şeýle milletden meşhur bedewleriň, nepis halylaryň, alabaý itleriň... beýleki köpsanly milli gymmatlyklarymyzyň döremegi hem-de olaryň hiç haçan ýitmeýän şöhraty tebigy bir ýagdaý hökmünde göz alnyňda dikelýär duruberýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» diýen eserinde örän aýdyňlyk bilen kesgitli aýdylan şeýle jümleler bar: «Ýaradylyşda dünýäni özgertmek ynsana edilen iň uly serpaýdyr». Diýmek, dünýäni özgertmek sypaty biziň milletimize hem örän mahsus sypat eken. Munuň şeýledigine ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň mysalynda hem anyk göz ýetirseň bolýar. Dünýä mirasyna giren milli gymmatlyklarymyza, hormatly Prezidentimiziň olara bagyşlanan eserler toplumynda aýdýan gymmat

Arassa gözbaşly çeşme

Ynsan ömri ― miweli daragt. Perzent bolsa onuň miwesi. Elbetde, adam ömrüniň gymmaty onuň durmuşdaky ornuna-da baglydyr welin, bu gymmat iň soňunda onuň niçik perzentleri terbiýeläp bilendigi bilen ölçeniler. Gowam bolsa, erbedem bolsa, «Pylanynyň ogly ýa gyzy» diýerler. Ata-ene hökmünde perzendiň üstünliginde-de, ýalňyşlygynda-da paýyň uludyr. Magtymguly Pyragy:

Nesihatym uly ile ylymdyr

Şu gün gadymy Lebap ilinde Medeniýet hepdeligi başlanýar. Hepdeligiň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan gelen ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan duşuşyklar, çeper okaýyşlar guralar. Akyldar şahyrymyz dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren dürdäne şygyrlaryny bize miras galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyza uly sarpa goýýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde we ony halka elýeterli etmekde alnyp barylýan işler göwünleri galkyndyrýar. Garaşsyz Watanymyzda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny täzeçe röwüşde öwrenmeklik ýola goýlup, bu ugurda tutumly işler amal edilýär. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň magtymgulyşynaslyk ugrunda edilen işler az däl. Türkmen alymlary Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasyny öwrenmekde we olaryň esasynda şahyryň şygyrlaryny neşire taýýarlap, ony halk köpçüligine ýetirmekde uly tejribe toplady. Şahyryň dünýewi hem ylahy-pelsepewi goşgularynyň derňewi Magtymgulynyň şahyrana dünýägaraýşyny we şygyr çeperçilik ussatlygyny kesgitlemekde ähmiýetli boldy.

Türkmen ili maşgala deý jem bolup Gojaman Lebapda toý tutýar bu gün

Milli medeniýetimize, sungatymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde her ýyl ýurdumyzyň bir welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda bu baýramçylygy guramak biziň welaýatymyzyň paýyna düşdi. Ynha, bu gün gadymy Lebap topragynda uly toý, uly dabara. Türkmenabat şäherinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda Medeniýet hepdeligi badalga alýar. Indi bir hepdeläp welaýatymyzda medeniýetiň, sungatyň toýy uludan tutular, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanar. Sungat ussatlary şirin mukamlary, joşgunly tanslary, folklor çykyşlary bilen bagtyýarlyk döwrümizde güneşli Diýarymyzda gazanylýan zähmet ýeňişlerini, il agzybirligini, jebisligi belentden wasp ederler. Gazetimiziň şu sahypasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan, paýtagtymyzdan gelen medeniýet we sungat işgärleriniň hepdeligiň başlanmagy mynasybetli ýürek buýsançlaryny ýerleşdirmegi makul bildik. Gadymy gymmatlyklaryň dünýäsi

Aşgabat — ylham çeşmesi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň her güni şanly wakalara beslenýär. Mähriban halkymyz şu ýyl Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny uly dabaralar bilen belläp geçdi. Şol toýly günlerde hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri ata Watanymyzyň ýüregidir. Ol Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Aşgabat dünýäniň ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriniň biridir. Kitapda beýan edilýän Aşgabat hakyndaky çuňňur oý-pikirler, ýerleşdirilen ajaýyp suratlar, ak şäherimiziň ösüşleri baradaky ganatly jümleler okyjyny täze bir ajaýyp dünýä atarýar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

MAGTYMGULY PYRAGY SAZ ÄLEMINDE Magtymguly Pyragy ajaýyp goşgulary bilen dünýä halklaryna tanalan şahyrdyr. Şahyryň döreden goşgulary saz äleminde-de mynasyp orny eýeleýär. Magtymguly Pyragynyň goşgularyny saza geçirmedik kompozitor, aýdym edip aýtmadyk bagşy ýokdur. Daňatar Öwezowyň «Halyma», «Bu derdi», Nury Halmämmedowyň «Yzlamaýan bolarmy», «Uýat eýleýir», «Näzli dildar», «Gözel Şirgazy», Çary Nurymowyň «Oýanmaz» aýdymlaryny, Suhan Tüýliýewiň üç bölümden ybarat «Dünýä, heý!» wokal toplumyny,  daşary ýurt kompozitorlaryndan Genrih Držewskiniň «Näzli dildar» eserlerini mysal getirmek bolar.

Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Ajaýyp ösüşleri nazarlap, ýagty geljege sary öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem şeýle buýsandyryjy wakalaryň ýylyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda şu gün Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi. Medeniýet hepdeliginiň giň gerime eýe bolan günleriniň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem- -de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşmagy döredijilik adamlarynyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.

Medeniýetiň howandary Arkadag

Dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär, şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda toýlarymyzyň yzly-yzyna sepleşip gelmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlyk zamanasynda halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň gadymy kökleri gaýtadan dikeldilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde bu günki gün türkmen medeniýetiniň ähli pudaklarynda-da bagtyýarlyk döwrüniň röwşen şuglasy ýalkym saçýar. Her ýylyň 27-nji iýunynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni diýlip yglan edilmegi hem-de onuň Medeniýet hepdeligi bilen utgaşyp gelmegi medeniýet we sungat işgärleriniň buýsançly başlaryny göge ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, medeniýet, sungat, edebiýat halkyň kalbydyr, milletiň bakylygydyr, bagtyýar ertirine ak ýoldur, şöhratly nesliň geljege bagt ýoludyr.

Medeniýet we sungat ruhy baýlygyň sazlaşygy

Toýdur baýramlara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Bu şanly seneleriň şanyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirilýär, edebi okaýyşlar, aýdym-sazly dabaralar, şeýle hem döredijilik işgärleri bilen duşuşyklar guralýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen goşalanyp toýlanylmagy türkmen halkynyň buýsanjyny we şatlygyny goşalandyrýar. Bu gün şirin dilli söz ussady, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasynda ýaşamagyň, döretmegiň we gurmagyň özi hem bagtyýarlykdan nyşandyr. Milli Liderimiz: «Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr» diýip, akyldar şahyrymyza iňňän ýokary baha berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlarynda we beýleki eserleriniň ählisiniň içinden dana şahyrymyzyň çuň manyly setirleri eriş-argaç bolup geçýär.