Magtymguly, sözüm bilene sözdür

21 Iýun 2021
960

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçmiş taryhymyzy, edebiýatymyzy, medeniýetimizi düýpli öwrenmek, gorap saklamak hem-de wagyz etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda milli Liderimiz 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belläp geçmek üçin anyk tabşyryklary berdi.

Bize dana Magtymguly Pyragydan çuň many-mazmuna eýe bolan nusgawy eserler miras galdy. Bu baý mirasda Watana, il-halka hyzmat etmek, adalatly bolmak, agzybir, sazlaşykly ýaşamak bilen baglanyşykly öwüt-ündew häsiýetli şygyrlar uly orun tutýar. Nusgawy şahyryň özi ähli ukyp-başarnygy bilen iline-gününe hyzmat edip, ykbalyny ýurdunyň ykbaly bilen baglapdyr.

Hurma ÇOMMADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.